Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nise: hüjümdäki pidalaryň tas ýarysy daşary ýurtly


Fransiýanyň Nise şäherindäki hüjümiň bolan ýerinde adamlar gül goýýar. 15-nji iýul, 2016 ý.
Fransiýanyň Nise şäherindäki hüjümiň bolan ýerinde adamlar gül goýýar. 15-nji iýul, 2016 ý.

Fransiýanyň Nise şäherinde adamlar Bastilliýa gününi belleýän mahaly, ýük ulag sürüjisiniň öz ulagyny adamlaryň üstüne sürmegi netijesinde ölen 84 adamyň 38 çemesi daşary ýurtly diýip, fransuz Daşary işler ministrligi habar berýär.

19-njy iýulda ýaýradylan maglumatda wakada pida bolanlaryň dünýäniň 19 ýurdundan gelendigi mälim edilýär. Olaryň arasynda Alžirden, Germaniýadan, Ermenistandan, Belgiýadan, Braziliýadan, Estoniýadan, Birleşen ştatlardan, Gürjüstandan, Italiýadan, Gazagystandan, Madagaskardan, Morokkodan, Polşadan, Rumynýadan, Şweýsariýadan, Tunisden, Türkiýeden we Ukrainadan gelen raýatlar bar.

Şeýle-de, fransuz ministrliginiň beýanatynda wakada ýaralananlaryň sanawynyň heniz doly tamamlanmandygy aýdylýar.

Fransiýada syýahatçylar tarapyndan Parižden soň iň köp sapar edilýän şäher Nisedir.

XS
SM
MD
LG