Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Öňki bankir korrupsiýada aýyplanýar


Eýranyň Yslam Rewolýusion Gwardiýasynyň agzalary.
Eýranyň Yslam Rewolýusion Gwardiýasynyň agzalary.

Eýranyň Yslam Rewolýusion Gwardiýasy korrupsiýa aýyplamalary esasynda Eýranyň uly banklarynyň öňki ýolbaşçysyny we onuň orunbasaryny tussag etdi diýip, 20-nji iýulda Eýranyň Yslam Rewolýusion Gwardiýasy bilen ilteşikli “Fars” we “Tasnim” habar agentlikleri habar berýärler.

Maglumatda Eýranyň sud ulgamynyň buýrugy esasynda “Bank Mellatyň” öňki ýolbaşçysy Ali Rastegar Sorheý we onuň halkara işleri boýunça orunbasary Eýranyň Yslam Rewolýusion Gwardiýasy tarapyndan tussag edildi diýilýär.

Eýranda döwlet emeldarlaryna we bank ýolbaşçylaryna berilýän ýokary aýlyk haklary, sylaglar we beýleki ýeňillikler bilen baglanyşykly dörän uly goh-galmagaldan soň, Rastegar Sorheýniň geçen aý öz wezipesinden çekilendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG