Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tanymal žurnalist "işi üçin öldürildi"


Žurnalisti Pawel Şeremet
Žurnalisti Pawel Şeremet

Ýazýan makalalary soňky ýigrimi ýylda belarus, rus we ukrain häkimiýetleriniň «iki aýagyny bir gonja sokan», ençeme halkara baýragyna mynasyp bolan 44 ýaşly žurnalist Pawel Şeremet 20-nji iýulda, Kiýewiň merkezinde, sürüp barýan maşyny partlanda heläk boldy.

Ukrainanyň baş prokurory Ýuriý Lýutsenko Şeremet «öldürildi» diýdi. Ol partlama «partlaýjy enjamyň» sebäp bolandygyny we ähli delilleriň munuň kast edip öldürmekdigini görkezýändigini aýtdy. Kärdeşleriniň ynanjyna görä, žurnalistiň ölümi onuň işi bilen bagly.

Pawel Şeremetiň maşynynyň partlan pursaty.

Ukrainanyň polisiýa başlygy Hatiýa Dekanoidze Kiýewde guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, Pawel Şeremetiň maşynynda bomba goýlandygyny we bu jenaýatyň hemme taraplaýyn derňelýändigini aýtdy:

«Biz partlamanyň ir sagat 7:45 töwereginde, Pawel Şeremet öýünden işine barýarka bolandygyny bilýäris. Biz ähli şaýatlar, maşgala agzalary, onuň kärdeşleri bilen gürleşdik.»

Şeýle-de ol ukrain prezidentiniň Şeremetiň ýanýoldaşy Olena Pritylanyň goragyny üpjün etmegi buýrandygyny sözüne goşdy.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko feýsbukda howpsuzlyk resmilerine bu «jenaýaty haýal etmän derňemegi buýrandygyny, günäkärleriň jezasyny çekmelidigini» ýazdy.

Şeremetiň öldürilmegi ykdysady kynçylyklar we Donetsk hem Luhansk sebitlerinde 9400-den gowrak adamy öldüren iki ýyllyk separatist konflikti bilen darkaş gurýan Ukrainanyň geljegi baradaky aladalaryň hem üstüni ýetirer.

«Ukrainaskaýa Prawdanyň» baş redaktory Sewhil Musaýewa-Borowik Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna Şeremetiň ölüminiň onuň işi bilen baglydygyna ynanýandygyny aýtdy.

Beýleki kärdeşleri hem Azatlyk radiosyna onuň soňky wagtlar özüniň yzarlanmagyndan zeýrenendigini gürrüň berdiler.

Şeýle-de kärdeşleri Şeremetiň öldürilmegine onuň makalalarynyň edil haýsy böleginiň sebäp bolandygyny bilmeýändiklerini aýtdylar.

Belarus žurnalisti awtoulagynyň partlamagy zerarly wepat boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:29 0:00

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Mariýa ZaharowaŞeremetiň «dürli häkimiýetlere dürli-dürli döwürlerde olar barada edýän ähli pikirini aýtmakdan gorkmadyk professional» hökmünde hormatlanylandygyny aýtdy.

Belarusyň paýtagty Minskde doglan Şeremet soňky bäş ýylda Kiýewde ýaşap, «Ukrainskaýa Prawdanyň» žurnalisti we «Westi» radiosynyň alyp baryjysy bolup işledi. Ol ozal belarus, rus metbugatynda işledi we öz işi sebäpli häkimiýetleriň ýanamalaryna duçar boldy.

XS
SM
MD
LG