Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň sudy Muşarrafyň bank hasaplaryny doňdurdy


Pakistanyň öňki harby lideri Perwez Muşarraf.
Pakistanyň öňki harby lideri Perwez Muşarraf.

Pakistanyň öňki harby lideri Perwez Muşarrafyň sud işine seredýän ýörite sud onuň bank hasaplarynyň doňdurylmagy we emläginiň konfiskasiýa edilmegi barada karar çykardy diýip, 19-njy iýulda Muşarrafyň aklawçylary habar berdiler.

Öňki prezident Muşarraf sud diňlenişigine gatnaşmak üçin sud zalyna gelmänsoň, üç sudýadan ybarat toparyň başlygy Mažar Alam Mianhel bu baradaky karary çykardy. Muşarraf saglyk bejergisini almak üçin şu ýylyň mart aýynda Dubaýa gidipdi.

Şondan soň, sud Muşarrafy gaýybana sud edip bilmejekdigini aýdyp, sud diňlenişigini soňa goýdy.

Muşarraf ençeme, şol sanda ýurda dönüklik etmek we adam öldürmek aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

XS
SM
MD
LG