Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan-Gazagystan: Ýeňillikli wiza düzgüni durzuldy


Türkmenistanyň Serhet gullugynyň resmileri.

Türkmenistanyň Serhet gullugynyň resmileri.

Türkmenistan Gazagystan bilen aradaky ýeňillikli wiza düzgünini wagtlaýynça ýatyrdy diýip, Gazagystanyň Maňgyşlak oblastynyň döwlet girdejileri boýunça departamenti habar berýär.

Bu departamentiň websaýtynda ýaýradylan maglumatda “Türkmenistanda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Şol sebäpli Türkmenistana ýeňillikli wiza düzgüni bilen syýahat edýän daşary ýurt raýatlarynyň ýurda goýberilmegi bäş gün möhlet bilen ýatyryldy” diýilýär

Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň ilaty Gazagystanyň Atyrau we Maňgyşlak welaýatlaryna, Gazagystanyň agzalan welaýatlarynyň ilaty-da Türkmenistanyň Balkan welaýatyna bäş günüň dowamynda wizasyz sapar edip bilýärler.

Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky ýeňillikli wiza düzgünini wagtal-wagtal ýatyrýar. 2016-njy ýylyň maý aýynda hem gazak serhet resmileri Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ýeňillikli wiza düzgüniniň Türkmenistan tarapyndan wagtlaýynça ýatyrylandygyny we munuň Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna edýän sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdypdylar.

XS
SM
MD
LG