Sepleriň elýeterliligi

Liwanyň kenarynda 20-den gowrak migrant öli tapyldy


Liwiýadan Ýewropa aşmaga çalyşan migrantlar

Liwiýadan Ýewropa aşmaga çalyşan migrantlar

20-nji iýulda Liwiýanyň kenarynyň golaýynda 21 adamyň, şol sanda erkekleriň we aýallaryň jesetleri gaýykda tapyldy.

Ynsanperwer guramalarynyň aýtmagyna görä, bu ýagdaý adamlaryň Italiýa tarap ýola çykmagyndan birnäçe sagat geçensoň ýüze çykypdyr.

“Serhetsiz lukmanlar” guramasy (MSF) özüniň MS Akuarius gämisiniň Ortaýer deňziniň merkezinde amala aşyran gözegçiliginiň bir birine golaý barýan iki sany gaýyga ýardam bermek üçin baranda 209 adamy, şol sanda 50 çagany halas edendigini aýtdy.

Şeýle-de gurama 22 adamyň adamyň gaýygyň düýbünde dökülen ýangyjyň içinde öli tapylandygyny habar berdi.

Aman galan adamlaryň aglabasy Nigeriýa we Gwineýa ýaly Günbatar Afrika ýurtlaryndan. Olar 22-nji iýulda Sisiliýanyň Trapani portuna alnyp barylar we BMG-niň maglumatyna görä, şu ýyl Italiýa aşan migrantlaryň sanyny 80 müň adama ýetirer.

XS
SM
MD
LG