Sepleriň elýeterliligi

Habybulla Hakganynyň ömri öz halkynyň galagoply durmuşyna çalymdaş boldy. Agyr aladalar, dürli göreşler arasynda ýaşady hem iň gowy maksadynyň amala aşmagyny görmän gitdi.

Düşünişmek

Geçen asyryň aýagynda Owganystanda talyp güýçleriniň gazaba münen wagty Azatlyk radiosynyň gepleşiklerinde, owgan meselesine üns ýokarlandy. Owganystandaky habarçylaryň sany artdy. Biz şonda Habybulla Hakgany bilen tanyşdyk.

Süýthorluk, karz bermek, kredit meseleleri barada gepleşik taýýarlandy. Bu meselä diniň garaýşy barada Hakganydan pikir soradyk. Ol süýthorlugy ýiti ýazgaryp, gaty söz aýtdy. Oňa beýle agyr söz aýtmaly däldigini duýduranymyzda, birsellem oýlanyp, soňra janygyp başlady.

– Millete karz berip, onuň puluny däl, ganyny sorýarlar. Men agyr söz aýdýan bolsam, oňa subudym bardyr. Ony her ýerde aýdyp biljek.

– Ol dogry, belki, agyr sözüň öz orny bardyr – ol aýdylandyr. Ýöne sen milletiň ony göterjek ýa-da götermejegine seret. Biziň halkymyz Hanafy mezhebine uýýar. Abu Hanafa bolsa örän barlyşykly, ýerli şertleri nazara alýan ymam bolupdyr. Halk arasynda “Ýagşy söz ýylany hinden çykarar, ýaman söz musulmany – dinden” diýen nakyl bar.

Ol ýene oýlanyp durdy. Soňra bolsa “Dogry aýdýaňyz” diýdi.

Barlyşyk

Pakistanda dini bilim alanlar fundamental taglymata ýykgyn edýärler. Ýöne Hakgany barlyşyga gelýärdi, ýerli şertlere, adamlaryň ýagdaýyna gowy düşünýärdi. Azatlykdaky çykyşlarynda aram pikirlere köp agram berýärdi.

Azatlygyň teklibi bilen Sagdynyň sopuçylyk taglymatlary baradaky ençeme eserine türkmençe düşündiriş berdi. Babarahym Meşrep barada gowy gepleşik taýýarlady. Meşrebiň biziň ilimizde örän meşhur saýylýan ,,Geldi” goşgusyny asyl nusgasyndan türkmençeleşdirip okap berdi.

Oňa beýle işleriň ýeňil düşmeýändigini aýtmak gerek. Gepleşik taýýarlamak üçin, Sagdynyň ýa-da Meşrebiň kitaplaryny satyn almaly bolupdyr. Pakistanda bosgunlykda ýaşansoň, aýak ýeterde kitaphananyň ýokdugyny, ol ýerde durmuşyň aşa agyrdygyny aýdýardy. Bir oňat tarapy, ol kynçylykdan gaçmaýardy.

Onda uly mümkinçilik bardy; dilleri, hususan-da nusgawy mirasy gowy bilýärdi. Ýöne onuň hyzmatyna eýe gerekdi. Owaly “şu-şu işleri etmek gerek” diýip, möhümden-möhüm meselä gönükdirmelidi. Ikinjiden, hyzmatyna eýe çykyp, başarnygyna hormat goýmalydy. Ol hyzmata gadyrsyz garamak adamyň elini işden sowadýardy.

Özara pikirler

Hakgany diňe gepleşikler üçin däl, özara pikir alyşmaga-da tapylgysyz adamdy. Durmuşda duş gelýän däp-dessurlar bilen baglanyşykly sowallara açyk-aýdyň jogap bermegi başarýardy. Käte özüniň aşa geň galan, içine sygdyryp bilmeýän pikirlerini-de aýdýardy.

– Heý, adam biri-birine şeýle gazaply, şeýle doňbagyr bolarmy? – diýip, Talyp hereketiniň ýola salmak islän düzgünlerinden gürrüň açdy. – Bu başy amanat biçärelere munça melamat, munça gowga ýeterlik dälmi? Olar bolsa dert-üstüne dert tapdylar.

“Şu aýdýanlaryň barada gepleşik edip bolmazmy?” diýsem, meseläniň örän bulaşykdygyny aýtdy.

– Kimiň talyp, kimiň däldigini saýgarmak kyn. Seniň bilen talyp derdinden zeýrenip oturandyr, häli görseň olaryň arasyndadyr. Milletimiz köp sada, halkyň göreni görgi, edeni bergi boldy. Bizde dert-aladalar, uruş-topalaňlar aşa uzak, diňe adam ömri gysga. Milletiň iň agyr heläkçiligi bolsa nadanlyk. Biz nadanlykdan saplanmasak, dert-aladalardan gutulyp bilmeris.

Hakgany öz pikirini hem arzuw-islegini goşga geçirdi. Türkmen, pars, paştu, urdu – dört dilde goşgy ýazdy. “Meniň bir dilde aýdanyma düşünmeseler, beýleki dilde aýdanyma düşünerler” diýdi.

Millet iň bolmanda Allanyň sözüne ten berer diýen umyt bilen Kurhany Kerimi türkmen diline terjime etmäge girişdi.

Ýagşy niýet

Ol Owganystana göçüp geldi hem Mazary-Şerifde ýerleşdi.

– Men gurluşyk harytlary dükanyny açdym. Millet köp weýrançylyk gördi, tozgunçylyga düşdi. Indi öý-jaý gurunsyn, öňki ýaşap oturan jaýlaryny abatlasyn diýip, bu işi ýola goýdum. Çagalara dogry bilim bermek üçin, mekdep-medrese açdym – diýip, kanagatlanma bilen gürrüň beripdi.

Ol döwrebap bolmak üçin yzygider jan çekdi. Kompýuter tehnologiýasynyň hyzmatyndan peýdalanmaga köp üns berdi. Türkmen hem iňlis dilini kämilleşdirmäge çalyşdy.

Habybulla Hakganynyň ömür ýoly gysga boldy. Ol Remezan aýynyň 27-sine geçilen gadyr gijesinde, 54 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Belli radiožurnalist Şamerdanguly Myrady Habybulla Hakganynyň ölüminiň owgan türkmenleri üçin agyr ýitgi bolandygyny aýtdy. Aslynda bu milli ýitgi. Nähili kynlyk bilen kemala gelen zehin, müň gowgada taplanan akyl-paýhas aýny gerekli wagtynda aramyzdan gitdi.

Onuň ruhy gözümiziň alnynda, aýdan sözi, wesýetleri hyýalymyzda ýaňlanyp dur. Men onuň Magtymguludan halaýan bir bent goşgusyny ýatlaýan.

Ýa habyp, Hak resuly sen,

Çyn jandan söýmüşem seni.

Derwüşler gadyr gijesin

Söýen dek söýmüşem seni.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG