Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karadžiç 40 ýyllyk türme möhletinden şikaýat etdi


Bosniýanyň öňki serb lideri Radowan Karadžiç, Gaaga, 24-nji mart, 2016.
Bosniýanyň öňki serb lideri Radowan Karadžiç, Gaaga, 24-nji mart, 2016.

Bosniýanyň öňki serb lideri Radowan Karadžiç genosidde aýyplanylyp, höküm edilen 40 ýyllyk türme tussaglygyndan şikaýat etdi we BMG-niň sudýalaryny “özüni syýasy suda sezewar etmekde” aýyplady.

Karadžiçiň aklawçysy Peter Robinson öz müşderisiniň “ony we bosniýaly serb halkyny garalamagy aklamak üçin syýasy suda sezewar edilendigini” 22-nji iýulda Gaaganyň suduna aýtdy.

71 ýaşly Karadžiç 24-nji martda öňki Ýugoslawiýa boýunça halkara sudy tarapyndan 1995-nji ýylda Srebrenisada sekiz müň çemesi musulman erkekleriň we oglanlaryň gyrylmagy bilen baglylykda genoside baş goşmakda günäli tapyldy.

Şeýle-de Karadžiç 1992-1995-nji ýyllarda Bosniýa-Herzegowinada bolan uruşyň dowamyndaky ýene dokuz jenaýatda, şeýle-de 10 müň raýatyň ölümine sebäp bolan Saraýewonyň gabawynda günäli tapylypdy.

XS
SM
MD
LG