Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Respublikan partiýanyň dalaşgärligini kabul etdi


Donald Tramp (Donald Trump).
Donald Tramp (Donald Trump).

Donald Tramp (Donald Trump) Respublikan partiýa tarapyndan Birleşen Ştatlaryň prezidentligine dalaşgär bolmagy resmi taýdan kabul etdi.

Eger ol Ak tama saýlansa, onda “globalizm däl-de, amerikanizm” diýip atlandyran ýörelgesine ymtyljakdygyny wada berdi we Demokratik partiýa tarapyndan özüniň garşydaşy boljaga meňzeýän Hillari Klintony “ölüm, ýykgynçylyk, terrorizm we gowşaklyk” mirasynda aýyplady.

Milliarder binesmen we öňki teleýyldyz Tramp Birleşen Ştatlaryň Ohio ştatyndaky Kliwelend sebitinde köpçülige ýüzlenip çykyş edip, Birleşen Ştatlaryň “krizis pursadyny” başdan geçirýändigini aýtdy we öz planlarynyň “Amerikany ilkinji orunda goýjakdygyny” wada berdi.

“‘Golbalizm däl-de, amerikanimz’ bizň baş ýörelgämiz bolar. Biz – Amerikany ilkinji orunda goýýan syýasatçylar tarapyndan dolandyrylmasak, beýleki ýurtlaryň Amerika – hormat bilen çemeleşmejekdigine ynanyp bileris” diýip, Tramp aýtdy.

Daşary ýurtlylara garşy duşmançylykly bolmak we jynsparazlyk

Ol “delillendirilen derňew mehanizmleri geçirilýänçä, terrorizm bilen özüni tanadan islendik ýurtdan immigrasiýany “derhal duruzmaga” çagyryş etdi.

“Biz öz ýurdumyzda olary islemeýäris” diýip, mundan ozal döwlet edarasynda işlemedik Tramp aýtdy.

Tramp Birleşen Ştatlaryň döwrebap tarayhynda iň bir ajaýyp prezidentlik kampaniýasyny alyp bardy. Ol Birleşen Ştatlaryň iň uly iki partiýasyndan biriniň prezidentlik dalaşgäri bolmagy başardy.

Tramp prezidentlik kampaniýasynyň dowamynda hem respublikanlar, hem-de syýasy garşydaşlary tarapyndan aýyplamalara sezewar boldy. Olar Trampy immigrantlar we musulmanlar barada eden çykyşlary üçin daşary ýurtlylara garşy duşmançylykly bolmakda we jynsparazlykda aýypladylar. Bu ýagdaý Respublikan partiýasynyň arasynda pikir bölünişiklerine-de sebäp boldy.

Jynsparazlyk durnuksyzlygyny möwjetmek

Partiýanyň içindäki bölünen fraksiýalary bir ýere jemleýän ýeke-täk element Demokratik partiýa tarapyndan prezidentlige dalaşgär hödürlenmegi göz öňünde tutulýan Hillari Klintony ýeňmek bolup durýar.

Onuň aýtmagyna görä, prezident Barak Obamanyň prezidentlik eden birinji möhletinde Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary wezipesini ýerine ýetiren Klinton daşary syýasata ýolbaşçylyk etdi. Ol bu syýasat bolsa “Yslam döwleti” atly ekstremist toparyň güýçlenmegine sebäp bolup, Libiýany, Müsüri we Siriýany bulam-bujarlyga itekledi diýdi.

Şeýle-de, Tramp Birleşen Ştatlaryň ilkinji garaýagyz prezidenti Obamany jynsparazlyk durnuksyzlygyny möwjetmekde aýyplady.

21-nji iýulda eden çykyşynda Tramp bikanun immigrasiýany we neşe gaçakçylygyny togtatmak üçin, Birleşen Ştatlar bilen Meksikanyň arasynda diwar gurjakdygy baradaky wadasyna hem ünsi çekdi.

“Biz bikanun immigrasiýany, bikanun toparlary, ýowuzlygy we biziň jemgyýetimize aralaşýan neşe serişdelerini duruzmak üçin, beýik serhet diwaryny gurarys” diýip, Tramp belledi.

XS
SM
MD
LG