Sepleriň elýeterliligi

Mýunhen atyşygynda 9 adam öldürildi


Atyşykda azyndan 9 adam öldürildi.

Atyşykda azyndan 9 adam öldürildi.

Germaniýanyň Mýunhen şäherinde, Söwda merkezinde bolan atyşygyň günäkäriniň ýeke adamdygy belli bolanyndan soň we ol adamyň özüni öldürmegi bilen, polisiýa güman edilýän ýaragly adamlary gözlemegini togtatdy. Bu atyşykda azyndan 9 adam öldürildi.

Şäher häkimiýetleri 23-nji iýulda adatdan daşary ýagdaý düzgünini bes etdiler we dowla düşen mýunhenlilelere seresaplyk bilen hemme zadyň kadalaşýandygyny aýtdylar.

Ýogsa, 2,300 çemesi organ işgäri şähere dökülip, 3 diýlip hasaplanylan ýaraglary adamlary gözlän wagty ýaşaýjylara öýden çykmazlyk, mähelleli ýerlerden gaça durmak maslahat berlipdi.

Güman edilýän ýeke ýaraglynyň jesedi Olimpia Einkaufszentrum söwda merkezinden 1 km çemesi uzaklykda tapyldy. Ol, görnüşinden, özüni kellesinden atyp öldürene meňzeýär diýip, polisiýa aýtdy.

18 ýaşyndaky eýran asylly german diýlip tanadylan ýaragly adam Mýunhende ýaşaýan eken we häkimiýetler onuň bu işi näme üçin edendiginiň belli däldigini aýtdylar.

Polisiýa onuň öldüren adamlarynyň sanynyň, biraz soň hassahanada ok ýarasyndan ölen adam bilen, 9-a ýetendigini aýtdy. Bu atyşykda azyndan 21 adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG