Sepleriň elýeterliligi

Ýerewan: zamun alnan ofiserler azat edildi


Sarkisýan 22-nji iýulda kanun goraýjy gulluklaryň resmileri bilen duşuşdy.

Sarkisýan 22-nji iýulda kanun goraýjy gulluklaryň resmileri bilen duşuşdy.

Ýerewanda, polisiýa stansiýasynda ýaragly adamlar tarapyndan zamun alnan polisiýa ofiserleriniň dördüsem azat edildi.

Olar 23-nji iýulda, häkimiýetler bilen bir hepdä çeken gapma-garşylykdan soň, metbugatda çykyş etmek mümkinçiliginiň deregine boşadyldy. Ofiserleriň ikisi irden boşadyldy.

Polisiýa stansiýasy 17-nji iýulda, ýaragly adamlar tarapyndan basylyp alyndy. Olar prezident Serž Sarkisýanyň işden çekilmegini, iýun aýynda bikanun ýarag saklamak aýyplamasy bilen tussag edilen oppozisiýa şahsyýetiniň azat edilmegini isleýärler.

Bu hüjümde bir polisiýa ofiseri öldürildi. Polisiýa stansiýasyny eýelän ýaragly adamlaryň 3 müň çemesi 22-nji iýulda polisiýa stansiýasynyň golaýynda toplandy.

Tanymal oppozisiýa agzasy Nikol Panişian mähelläni parahatçylyga, emma prezident Sarkiýasynyň işden çekilmegi we täze saýlawyň geçirilmegi üçin tutanýerli bolmaga çagyrdy.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan Ýerewandaky polisiýa stansiýasyndaky ýaragly adamlaryň ýaraglaryny taşlap, zamun alnan dört polisiýa ofiserini boşatmagyna çagyrdy.

Sarkisýan bu çagyryşy 22-nji iýulda kanun goraýjy gulluklaryň resmileri bilen duşuşanyndan soň etdi. Ol hökümet kanuny bozanlara jeza berer we bu çäre Ermenistanyň kanunlary esasynda amala aşyrylar diýdi.

Emma ol polisiýa ýaraglary adamlaryň eýelän binasyna zabt etmegi buýurjakdygyny aýtmady.

XS
SM
MD
LG