Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýunhen: Hüjümçi norwegiýaly Breiwik bilen 'iltewli"


Mýunheniň söwda merkezinde ok atyşyk boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:35 0:00

Mýunheniň söwda merkezinde ok atyşyk boldy

Germaniýanyň polisiýasy Mýunhen hüjüminde güman edilýän adamyň öýünde geçirilen barlagdan soň, onuň «Yslam döwleti» jeňçi topary bilen baglanyşygyny görkezýän «deliliň ýokdugyny», emma Norwegiýada köpçülikleýin gyrgynçylyk eden Anders Behring Breivik bilen «görnetin baglanyşyk» alamatlarynyň bardygyny aýtdy.

Güman edilýän hüjümçi, eýran asylly germaniýaly bilen, bu hydysada 10 adam öldi.

Polisiýa eýran asylly, 18 ýaşyndaky germaniýalynyň 22-nji iýul agşamy Mýunhen şäherindäki Söwda merkezinde we MkDonaldsda adamlara ot açmagynyň sebäbini düşündirjek zatlary gözleýär.

Bu hüjümde 16 adam ýaralandy. Güman edilýän ýeke adam Olimpia söwda merkezinden 1 km çemesi uzaklykda öli tapyldy. Ol kellesinden tüpeňläp, özüni öldürene meňzeýär diýip, polisiýa aýtdy.

Polisiýanyň başlygy Hubertus Andraýe žurnalistlere ol adamyň ozal jenaýat ýazgysynyň bolmandygyny we polisiýanyň ony tanamaýandygyny aýtdy.
"Bu jenaýatyň motiwi ýa düşündirişi düýpden aýdyň däl" diýip, ol aýtdy.

Polisiýa, «Bild» gazetiniň ýazmagyna görä, 23-nji iýulda irden, Maxvorstadt etrabynda bu ýaragly adamyň ene-atasy bilen ýaşan jaýynda barlag geçirdi.

Mýunhen polisiýasynyň sözçüsi Peter Bek howpsuzlyk çäklendirmeleriniň ýatyrylandygyny, jemgyýetçilik transportynyň kadaly işleýändigini aýtdy. Şeýle-de ol AP habar gullugyna polisiýa ofiserleriniň entek maglumat toplaýandygyny aýtdy.

Polisiýa jemgyýetçilik agzalaryndan ýaragly adama, atyşyga dahylly islendik suraty, wideo ýazgysyny ýa ses ýazgysyny özlerine tabşyrmagy sorady.

Kansler Angela Merkel 23-nji iýulda, bu atyşyk barada maslahatlaşmak üçin, öz howpsuzlyk geňeşi bilen duşuşýar.

Tähran, güman edilýän barada hiç zat aýtmazdan, bu atyşygy terrorçylyk atlandyrdy we «häzirki zamanyň ýüzügaralygy» hökmünde ýazgardy.

"Biz german halky we hökümeti bilen bilelikde ýas tutýarys we Mýunhendäki wakalary ýazgarýarys" diýip, daşary işler ministrliginiň sözçüsi Bahram Ghasemi aýtdy diýip, ISNA habar gullugy ýazdy.

XS
SM
MD
LG