Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul hüjüminde 80-den gowrak adam öldürildi


Hüjümde azyndan 80-den gowrak adam öldi.
Hüjümde azyndan 80-den gowrak adam öldi.

Owganystanyň Hazara azlygynyň müňlerçe wekili Kabulda toplanyp, gurulmagy planlaşdyrylýan gymmatbaha elektrik geçirijisiniň ugrunyň üýtgedilmegini talap edýän wagtynda partladylan goşa bombanyň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» jeňçi topary öz üstüne aldy.

Bu toparyň «Amak» habar gullugy iki sany YD söweşijisiniň protestçileriň arasynda özüni partladandygyny aýtdy.

Hüjümde azyndan 80 adam öldi, 231adam bolsa ýaralandy diýip, Saglyk ministrliginiň resmisi aýtdy.

Müňlerçe hazara Kabulda protest bildiýrär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:01 0:00

Protestçiler Türkmenistandan Kabula çekiljek 500-kilowoltlyk tok geçiriji liniýanyň hazaralaryň köplük bolup ýaşaýan Bamiýan welaýatynyň içinden çekilmegini talap edýärdiler.

Hökümet bu planyň has köp million dollar çykdajy edilmegine we proýektiň ýyllap gijikmegine sebäp boljakdygyny aýdýar.

Demonstrasiýaçylar Kabul uniwersitetiniň ýanynda toplanyp, esasy hökümet binalaryndan birnäçe kilometrlikde owgan baýdaklaryny galgadyp, «adalat, adalat», «diskirminasiýa ölüm» diýen şygarlara gygyrdylar.

Owgan paýtagtynda howpsuzlyk çäreleri berkidildi, esasy köçeler ýapyldy.

XS
SM
MD
LG