Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdat: barlag nokadynda bomba ýaryldy


Bagdat, Raşidiýada bolan partlama, 12-nji iýul, 2016
Bagdat, Raşidiýada bolan partlama, 12-nji iýul, 2016

Janyndan geçen bombaçy Bagdatda polisiýanyň barlag nokadynda özüni partlatdy.

24-nji iýulda bolan hüjümde ölenleriň we ýaraly bolanlaryň sany aýdyň däl. Habar gulluklary yrak resmilerine salgylanyp, wepat bolanlaryň sanynyň 6-15 aralygyndadygyny, ýigrimiden gowrak adamyň bolsa ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Bir saglyk resmisiniň AP habar gullugyna aýtmagyna görä, ölenleriň arasynda üç sany polisiýa ofiseri hem bar.

Bu hadysa esasan şaýylaryň ýaşaýan ýeri bolan Kadhimiýa etrabyna girilýän ýerde boldy. Onuň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz boýnuna almady.

Emma Bagdatda 3-nji iýulda bolan we 290-dan gowrak adamy öldüren partlamanyň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» jeňçi topary öz üstüne alypdy.

Şeýle-de bu topar şondan birnäçe gün soň Baladdaky şaýy guburhanasynda bolan we 40 adamy öldüren partlamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG