Sepleriň elýeterliligi

Owganystan 80-den gowrak adamy öldüren hüjümiň ýasyny tutýar


Goşa partlamanyň jogapkärçiligini YD jeňçi topary öz üstüne aldy.

Goşa partlamanyň jogapkärçiligini YD jeňçi topary öz üstüne aldy.

Owganystan 24-nji iýulda bir gün ozal, 23-nji iýulda Kabulda parahatçylykly demonstrasiýany nyşana alan kast ediş hüjüminiň pidalarynyň ýasyny tutýar.

Owgan prezidenti Aşraf Gani bu kast ediş hüjümine jogapkär adamlardan «ar» alynjakdygyny aýtdy.

Bu owgan paýtagtynda 2001-nji ýylda ABŞ goşunlary girizileli bäri guralan iň ganly hüjüm boldy. Goşa partlamanyň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» jeňçi topary öz üstüne aldy.

Içeri işler ministrligi bu partlamalaryň 231 adamy ýaralandygyny, olaryň köpüsiniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Kabulyň Dehmazang skwerinde bolan hüjümler esasan hazara azlygynyň agzalaryny nyşana aldy. Sebäbi şol wagt müňlerçe hazara paýtagta toplanyp, Türkmenistandan Kabula çekiljek elektrik liniýasynyň öz welaýatlarynyň üstünden geçirilmegini talap edýärdiler.

XS
SM
MD
LG