Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mýunhen hüjümçisi norweg ganhory Breýwik bilen 'bagly'


Pidalaryň hormatyna şem ýakýan aýal
Pidalaryň hormatyna şem ýakýan aýal

Germaniýanyň polisiýasy Mýunheniň söwda merkezinde adamlary oka tutan we 9 adamy öldüren 18 ýaşly germaniýalynyň otagynda «Yslam döwleti» jeňçi topary bilen baglanyşyk görkezýän deliliň bolmandygyny aýtdy.

Emma polisiýa onuň Norwegiýada köpçülikleýin gyrgynçylyk eden Anders Behring Breýwik bilen “görnetin baglanyşyk» alamatlarynyň bardygyny aýdýar.

Bu diýilýän atyjynyň şahsyýeti David Ali Sonboly diýlip kesgitlenildi, ol eýran asylly, emma Mýunhende doglan we kemala gelen.

Häkimiýetler onuň ruhy hassalygyny görkezýän kesel taryhynyň bolandygyny aýdýarlar.

Sonboly Olimpia Söwda merkezinde adam öldürilen ýerden 1 kilometr çemesi uzaklykdan öli tapyldy. Ol, polisiýanyň sözlerine görä, özüni kellesinden tüpeňläp öldürene meňzeýär.

XS
SM
MD
LG