Sepleriň elýeterliligi

Maryda sekiz ýolbaşçy wezipesini "ýitirdi"


Mary, prezidentiň saparyna taýýarlyk görülýän pursatda.

Mary, prezidentiň saparyna taýýarlyk görülýän pursatda.

Prezident G.Berdimuhamedow şenbe güni Mary şäherinde Ministrler kabinetiniň göçme mejlisini geçirip, welaýatda ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini gowulandyrmakda köp sanly kemçilikleriň bardygyny tassyk etdi.

Welaýatlarda mundan öňki geçirilen göçme mejlislerde adat bolşy ýaly, prezident öz giriş sözünde uly üstünlikleriň gazanylandygyny, ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanýandygyny nygtady.

Emma ýurduň Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy Çary Gylyjowyň we Baş prokuror Amanmyrat Hallyýewiň beren hasabatlarynda welaýaty «durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde haýal-ýagallyga ýol berilýändigi» belli boldy.

Bu iki resminiň tassyklamagyna görä, oba maksatnamasyny ýerine ýetirmekde, ilaty elektrik togy, gaz bilen üpjün etmekde kanun bozmalara ýol berilýär, ilata mellek ýerlerini bermek meselesinde hem kemçilikler bar.

Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow Mary welaýatynda 13789 gektara barabar mellek ýer gaznasynyň döredilendigini, bu gaznadan häzire çenli 52 müň 200-e golaý maşgala täze mellek berlendigini aýdýar.

Prezident Maryda, kemçilikler üçin, bäş etrabyň häkimini, welaýatyň, bir şäheriň we bir etrabyň häkiminiň orunbasarlaryny işden boşatdy. Şeýle-de ol welaýat, etrap we şäher häkimleriniň we olaryň orunbasarlarynyň 11-sine käýinç we berk käýinç berendigini aýtdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa käýinç, onuň orunbasary J.Annaýewe bolsa berk käýinç berildi.

Welaýat häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary Ý.Hommadow bolsa, «işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» diýlip, işden boşadyldy.

"Hasyllylyk ýyl-ýyldan pese gaçýar"

Eýsem, prezident Berdimuhamedow Maryda anyk nämelerden nägile boldy?

«Welaýatda merkezleşdirilen agyz suwy bilen üpjünçilik bary-ýogy 42 göterime golaý, simli aragatnaşyk ulgamy bilen üpjünçilik 46 göterimden sähel gowrak ýerine ýetirilen» diýip, prezident aýdýar. Şeýle-de ol obalarda we şäherlerde ýygy-ýygydan tok öçmesine, gaz kesilmesine ýol berilýändigini tassyk etdi.

Elbetde, ýerleriň şorlamagy, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylyk derejesi hem prezidenti ynjalykdan gaçyrýan meseleleriň biri bolup görünýär.

«Welaýatda ekin dolanyşygy göwnejaý alnyp barylmaýar, zeýkeşlere talabalaýyk seredilmeýär, geçen ýyl olaryň diňe 6.5 göterimi arassalanypdyr» diýip, prezident ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygynyň "ýyl-ýyldan pese gaçýandygyny" boýun aldy.

Ekspertleriň pikirlerine görä, sowet döwrüniň pagta monopoliýasy esasynda dörän oba hojalyk problemalarynyň çözgüdi hemme taraplaýyn täzeçe çemeleşmeleri talap edýär.

Prezident Berdimuhamedow Marydan öň Ahal, Lebap, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda göçme mejlis geçirip, ýyldan-ýyla çözülmän gelýän meseleleri bölekleýin tassyk etdi we ýerli ýolbaşçylara käýinç, berk käýinç berdi, bir topar ýolbaşçyny bolsa işden boşatdy. Onuň sözlerine görä, bu kemçilikleri düzetmek üçin hemme şert bar, emma ilatyň abadançylygy üçin goýberilýän serişdeler «ýerlerde aýawly, netijeli peýdalanylmaýar».

Şol bir wagtda, hökümet tankytçylary ýurduň regionlaryna goýberilýän serişde bilen paýtagt Aşgabatdaky desgalara, golaýda ýapylan Nebit-gaz ministrliginiň binasy, Ministrler kabinetiniň täze gurlan binasy ýaly uly gurluşyklara goýberilýän serişdäniň tapawudynyň örän uludygyny aýdýarlar.

Maryda 43 oba sanawdan aýrylýar

Ministrler kabinetiniň ozalky göçme mejlislerinde bolşy ýaly, Maryda hem bir topar obanyň ýurduň dolandyryş çäk birlikleriniň sanawyndan aýrylýandygy habar berildi.

Türkmen parlamentiniň dolandyryş çäk meseleleri baradaky karary esasynda, welaýatyň «Altyn sähra» etraby, 11 geňeşlik ýapylýar, 13 oba bir-birine birikdirilýär, 43 oba bolsa ýurduň dolandyryş çäk birlikleriniň sanawyndan aýrylýar.

Bulardan başga, Maryda bir şäherçäniň, 8 geňeşligiň, 44 obanyň ady üýtgedilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG