Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Güleniň baş kömekçisi tutuldy diýýär


Prezident Rejep Taýyp Erdogan bu waka bilen bagly jemi 13,156 adamyň tussag edilendigini aýtdy.
Prezident Rejep Taýyp Erdogan bu waka bilen bagly jemi 13,156 adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Türk resmileri Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Güleniň baş resmisiniň tutulandygyny aýdýarlar.

Ankara Güleni başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygynda günäledi. Resmiler Güleniň «sag eli» hasaplanylýan Hail Hançiniň 23-nji iýulda, Trabzon welaýatynda tussag edilendigini aýtdylar.

«Ol, görnüşinden, ýurda 15-nji iýuldaky harby agdarylyşyk synanyşygyndan iki gün öň gelip giripdir» diýip, resmiler aýdýarlar. ABŞ-da ýaşaýan Gülen bu waka dahyllydygyny ret edýär.

Türk resmileri 23-nji iýul güni irden Fethulla Güleniň ýegeni Muhammet Sait Guleni hem tussag edendiklerini aýtdylar.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan telewideniýede berlen beýanatynda bu waka bilen bagly jemi 13,156 adamyň, şol sanda 126 generalyň tussag edilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG