Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Heläkçilikli bomba partlamasy boldy


Yragyň Diyala şäheri, 10-njy maý, 2016

Yragyň Diyala şäheri, 10-njy maý, 2016

25-nji iýulda Yragyň Diyala welaýatynda janyndan geçen hüjümçi howpsuzlyk geçelgesiniň golaýynda içi partlaýjy serişdeli ulagyny partladyp, azyndan 11 adamyň ölümine sebäp boldy, diýip resmiler aýtdylar.

Hökümet resmileriniň aýtmagyna görä, Bagdatdan demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Hales şäheriniň girelgesinde bolan partlama zerarly azyndan 30 adam ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady, emma Yrakda terrorçy hüjümleri “Yslam döwleti” (YD) atly terrorçy topar ýygy-ýygydan amala aşyrýar.

YD Yragyň hökümet güýçleriniň Mosul şäherini gaýdyp almak ugrunda alyp barýan söweşlerinde soňky wagtda ýitgi çekýär.

XS
SM
MD
LG