Sepleriň elýeterliligi

Floridanyň gijeki klubunda iki adam wepat boldy


ABŞ-nyň Florida şäheri

ABŞ-nyň Florida şäheri

ABŞ-nyň mediasy 25-nji iýulda irden Florida şäheriniň gejeki klubunda bolan ok atyşyk zerarly iki adam wepat bolandygyny we 13 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

NBC telewideniýesiniň WBBH ýerli bölüminiň habar bermegine görä, polisiýa ok atyşygyň ýetginjekler üçin çäräniň geçirilen ýeri bolan “Club Blu” atly ýerde ýüze çykandygyny aýdypdyr.

Käbir maglumatlarda wepat bolanlardan biriniň 14 ýaşly oglandygy habar berildi.

Ok atyşygy amala aşyrmakda güman edilýänler we bu ýagdaýyň döremeginiň sebäpleri barada maglumat berilmedi.

XS
SM
MD
LG