Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkiýe 45 žurnalisti tussag etmäge görkezme berdi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan öz tarapdarlary bilen, 22-nji iýul, 2016

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan öz tarapdarlary bilen, 22-nji iýul, 2016

Türkiýäniň häkimiýetleri başa barmadyk harby agdarylyşygyň yzýany başlan yzarlamalaryny ýaýbaňlandyryp, 42 sany žurnalisti tussag etmek barada görkezme berdiler, diýip Türkiýäniň telekanallary 25-nji iýulda habar berdiler.

Tussag edilmegine görkezme berlenleriň arasynda meşhur komentator we öňki parlament wekili Nazli Ilijagyň hem bardygyny NTW we CNN-Tükiýe telekompaniýalary habar berdiler. Ilijak 2013-nji ýylda korrupsiýa bilen bagly dawada ministrleri tankyt edendigi üçin hökümete tarapdar Sabah gündeliginden kowulypdy.

Hökümet 2013-nji ýylda ýokary derejedäki korrupsiýa bilen bagly dawanyň tutaşmagynda ABŞ-da ýerleşýän dinçi Fethullah Guleni aýyplapdy. Ankara Guleni 15-nji iýulda agdarylyşygy amala aşyrmaga synanyşmakda hem aýyplaýar.

Ankara agdarylyşykdan öň hem metbugat azatlygyny depelemekde giňden aýyplanypdy.

Türkiýäniň prezident Rejep Taýyp Erdogany häkimiýet başyndan agdarmak maksatly synanyşyk bilen baglylykda iş başyndan çetleşdiren, tussag eden we derňew astyna alan esgerleriniň, polisiýa wekilleriniň, sudýalarynyň, mugallymlarynyň, jemgyýetçilik wekilleriniň we beýlekileriniň sany 60 müňden aşdy.

Erdogan “eger halk talap etse” ölüm jezasyny dikeltmäge taýýardygyny hem aýtdy.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jan Klaude Junker “Türkiýäniň häzirki ýagdaýda Ýewropa Bileleşigine golaýda we hatda uzak wagtyň dowamynda-da agza bolmaga mümkinçiligi ýok”, diýip 25-nji iýulda aýtdy.

XS
SM
MD
LG