Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Owgan konfliktinde raýat pidalarynyň sany artdy


BMG-niň Owganystandaky missiýasynyň Şybyrgandaky edarasy
BMG-niň Owganystandaky missiýasynyň Şybyrgandaky edarasy

BMG-niň Kabuldaky missiýasy Owganystandaky konfliktde raýat pidalarynyň sanynyň 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda iň ýokary derejesine ýetendigini we söweşiji toparlaryň söweşlerini aktiwleşdirmeginiň netijesinde çagalara agyr zarba urulýandygyny habar berdi.

"BMG şu ýylyň ýanwar we iýun aýlarynyň aralygynda 1601 raýatyň ölendigini we 3565 müň adamyň ýaralanandygyny hasaba aldy” diýlip UNAMA-nyň 25-nji ýaýradan hasabatynda aýdylýar.

Bu sanlaryň geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijileri bilen deňeşdirilende has artandygy bellenýär.

Hasabatda heläkçilige duçar bolanlaryň üçden bir böleginiň çagalardygy aýdylýar we 388 çaganyň wepat bolandygy, 1121 çaganyň ýaralanandygy bellenýär.

XS
SM
MD
LG