Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk –orny üýtgemeýän ýyldyz


Arhiwden alnan surat.

Arhiwden alnan surat.

Azatlyk radiosynyň okyjysy “demirgazyk” sözüniň manysyny, onuň nämeden gelip çykanyny soraýar.

Sözüň asyl manysyny, ýagny köküni öwrenýän ylma etimologiýa diýilýär. “Etimologiýa – ol sözleriň gelip çykyşyny, olaryň ilkibaşdaky srukturasyny, semantik baglanyşygyny öwrenýär” diýip, Türkmen ensiklopediýasy (10 tom, 395-sah) ýazýar.

Sözüň köki nireden gaýdýar?

Bu ylym bizde gaty irki zamandan, has takygy müň ýyl çemesi owal başlanypdyr. Ylmyň düýbüni türki halklaryň beýik alymy Mahmyt Kaşgary goýupdyr.

Doglan we aradan çykan seneleri takyk bolmadyk alym 11-nji asyrda ýaşap geçipdir. Türkmen ensiklopediýasynyň maglumatyna görä, ol Kaşgarda hem Bagdatda bilim alypdyr. Türki dilleri we türki halklaryň edebiýatyny, halk döredijiligini düýpli öwrenipdir. Netijede, 1068-74-nji ýyllarda arap dilinde “Diwany lugat at-türk”, ýagny “Türki dilleriň diwany” atly meşhur eser döredipdir.

Bu iş tutuşlygyna sözleriň köküni öwrenmegi maksat edinmese-de, ýeri gelende olar barada aýdyp geçýär. “Mahmyt Kaşgarynyň “Diwany lugat at-türk” kitabyny türkmen diliniň we folklorynyň taryhyny öwrenmek üçin ilkinji çeşmeleriň biri hasaplamak bolar” diýip, Türkmen ensiklopediýasy (5 tom, 393-sah) ýazýar.

Türki dillerdäki sözleriň köküni öwrenmekde majar alymy Hermann Wamberiniň hem aýratyn hyzmaty bar. Onuň işi 1878-nji ýylda Leýpsigde çap bolupdy.

Sowet döwründe ýaşap geçen belli türkolog Ýe. W. Sewortýan düýpli işiň başyny başlady, ýöne ony tamamlamaga ömri ýetmedi. Akademik S. Atanyýazowyň aýtmagyna görä, Ýe.W. Sewortýanyň ýolbaşçylygynda taýýarlanan sözlükde, baş sözüň nusgasy edilip, owaly türkmen dilindäki şekili alynýar, soňra beýleki türki dillerde, jemi 24 dilde gelşi görkezilýär.

Ýe. W. Sewortýanyň ýolbaşçylygynda taýýarlanan köp tomluk işde, türkmen dili baş orunda goýulýar.

Demirgazyk

Okyjymyzyň gyzyklanýan demirgazyk sözüniň köküne gelsek, Soltanşa Atanyýazow 2004-nji ýylda çapdan çykan “Türkmen diliniň sözköki sözlügi” işinde tarap görkezýän bu sözüň aslynda ýyldyzyň adyndan gelip çykandygyny aýdýar.

Ýer togalagynyň demirgazyk böleginde ýerleşen iň ýagty hem nurana planeta Demirgazyk ýyldyzy diýilýär. Sebäbi ol ýerden seredýän adamlaryň gözüne hiç haçan öz ornuny üýtgetmeýär. Kerwengyran ýa Daň ýyldyzy ýaly dogýan hem ýaşýan wagtlary çalşyp durmaýar. Ol ýylyň tutuş dowamynda, ähli pasyllarda öz ornunda görünýär.

Beýik alym Mahmyt Kaşgary bu ýyldyzyň adyny Diwanyň 3-nji jiltinde getiripdir. Alym S. Ahally “Mahmud Kaşgarynyň sözlügi we türkmen dili” atly işiniň 156-njy sahypasynda, şol makalany terjime edipdir.

“kazňuk (III, 283) – gazyk. Bu sözden alnyp, Demirgazyk ýyldyzyna ‘temür kazňuk’ diýilýär.”

Alym bu adyň “demirden ýasalan berk, ýagny ýerini üýtgetmeýän gazyk” manydadygyny düşündirip, hatda asmanyň (gögüň), şu ýyldyzyň daşyndan aýlanýandygyny ýazypdyr.

Geçmişde ýolagçylar hem syýahatçylar şu ýyldyzdan ugur alypdyrlar.

Araplar Merkezi Aziýa gelip, bu ýerdäki ösen astronomiýa ylmy bilen tanyşanlaryndan soňra, “Demirgazyk ýyldyzy diýen türki adalgany Kohab el-Şemali görnüşinde öz dillerine göni terjime edipdirler” diýip, S. Atanyýazow ýatlanan işinde (114-nji sah.) ýazýar.

Alym bu sözüň beýleki türki dillerde-de şol manyda gelýändigini görkezýär.

Asmandaky şol üýtgewsiz ýyldyzyň görünýän ugruna Demirgazyk diýen at galypdyr.

Täze neşir

Ýeri gelende ýatlatsak, golaýda “Gün” neşirýaty häzir ABŞ-da ýaşaýan belli türkmen alymy, professor Ýusup Azmunyň “Söz kökümiz – öz kökümiz” atly kitabyny çapdan çykardy.

Köp azap siňdirilen bu saldamly iş türkmen dilindäki ençeme sözüň köküni yzarlaýar, olaryň nirden gelip çykanyny hem beýleki baglanyşyklary düşündirýär.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG