Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Demokratik partiýa öz hatlarynyň paş edilmegine reaksiýa görkezdi


ABŞ-nyň Milli demokratik konwensiýasyna taýýarlyk görülýär, Filadelfia, 24-nji iýul, 2016

ABŞ-nyň Milli demokratik konwensiýasyna taýýarlyk görülýär, Filadelfia, 24-nji iýul, 2016

ABŞ-nyň Filadelfiýa ştatynda 25-nji iýulda açylýan dört günlük Milli demokratik konwensiýasynyň öňüsyrasynda Demokratik partiýasy özüniň elektron hatlaryndan syzyp, köpçülige mälim bolan informasiýa reaksiýa görkezýär.

Demokratik partiýasynyň dalaşgäri bolmagy çak edilýän Hillary Klintonyň kampaniýasynyň dolandyryjysy Robby Mook partiýanyň elektron hatlarynyň köpçülige paş edilmeginiň aňrysynda öz syýasy garşydaşy Respublikan partiýasyna ýardam bermek isleýän “orsýetli döwlet aktýorlarynyň” bolmagyny çak edýändigini aýtdy.

Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Trump prezident saýlanan ýagdaýynda Moskwa bilen gatnaşyklary gowulandyrjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG