Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa: Hüjüm yslamçy ekstremizm bilen bagly bolup biler


Germaniýanyň Ansbah şäherinde bir festiwalyň golaýynda siriýaly bosgun özüni partladyp, on iki adamyny ýaralady. 25-nji iýul, 2016 ý.

Germaniýanyň Ansbah şäherinde bir festiwalyň golaýynda siriýaly bosgun özüni partladyp, on iki adamyny ýaralady. 25-nji iýul, 2016 ý.

Germaniýanyň Bawariýa welaýatynyň ýokary derejeli polisiýa işgäri Ansbah şäherinde bir festiwalyň golaýynda özüni partladyp, on iki adamyny ýaralan siriýalyny bu işe itereniň yslam ekstremizmidigine ynanýandygyny aýdýar. Hüjümçi Germaniýa başpena sorap gelipdir.

25-nji iýulda Bawariýanyň içeri işler ministri Ýoahim Herman Germaniýanyň "dpa" habar gullugyna : "Gynansakda, meniň pikirimçe, munuň janyndan geçen yslamçynyň hüjümi bolmagy gaty ähtimal" diýdi.

Herman soňra hem: "Köpräk adamlary öldürmek niýetiniň özi yslam ekstremizmi bilen bolan ilteşikliligi görkezýär" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Polisiýa Germaniýa başpena sorap gelen siriýalynyň 24-nji iýulda giçlik bir aýdym-saz festiwalynyň ýakynynda özüni partladandygyny aýdýar.

“Hüjümçiniň bu işi näme sebäpden edendigi belli däl”

Herman başartdygyndan köpräk adamyny öldürmek üçin hüjümçiniň ýanynda partlaýjylardan we metal böleklerinden doly rýukzakynyň bolandygyny aýtdy.

Bawariýanyň içeri işler ministriniň bildirmegine görä, ady entek belli edilmedik hüjümçi özüni öldürmäge synanyşandygy sebäpli ozal psihiatriýada ençeme gezek bejergi alypdyr.

25-nji iýulda Anbahyň prokurorlygy hüjümçiniň bu işi näme sebäpden edendigi belli däl diýdi.

"Yslamçy ilteşik barmy ýa ýok, bu häzirki wagtda diňe çaklama" diýip, Mihael Şrotberger aýtdy.

Içeri işler ministrliginiň bildirmegine görä, iki ýyl mundan ozal Germaniýa gelen hüjümçiniň gaçybatalga sorap beren arzasy ret edilip, ol Bolgariýa iberilmeli edilipdir.

Zorlukly hadysalar

Germaniýa geleli bäri Ansbah şäherinde bolan hüjümçini neşe bilen ilteşiklilikde polisiýa tanaýar.

Häkimiýetleriň bildirmegine görä, partlamada on iki adam ýaralanypdyr. Bularyň üçüsi agyr ýaraly. Polisiýanyň beýannamasynda hüjümçiniň partlamada ölendigi aýdylýar.

Germaniýada soňky günlerde birnäçe zorlukly hadysalar boldy.

Bu ýere başpena sorap gelen bir siriýaly 24-nji iýulda ýurduň günorta-günbatar şäheri Reutingende bir aýaly gama bilen öldürip, ýene iki adamy ýaralady. Ol soňra polisiýa tarapyndan tutuldy.

22-nji iýulda 18 ýaşly asly eýranly bir germaniýaly Mýunhen şäherinde 9 adamy atyp öldürdi.

Başpena sorap gelen 17 ýaşly bir pakistanly hem 18-nji iýulda bir otluda palta we pyçak bilen bäş adamy ýaralady.

XS
SM
MD
LG