Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Moskwa “Pokemonyň” deregine täze tilsim döredýär


"Pokemon Go" tilsiminden bir bölek.

"Pokemon Go" tilsiminden bir bölek.

Moskwa - Pikaçu? Ýok, ol Pýotr-I.

Moskwnyňa häkimiýetleri orslaryň köçelerde “Skwirtl”, “Bulbazawr” ýa başga “Pokemon” gözlemegiň deregine Orsýetiň sardan başlap tä kosmos pioneri Ýuriý Gagarine çenli bolan taryhy şahsyýetleriniň wirtual wersiýasyny tutmagyny isleýärler.

Şäher hökümeti özüniň smartfonlar üçin bir "app" programmasyny, ýagny tilsimi döredýändigini aýdýar. "Artdyrylan reallyk" oýny "Pokemon Go" ýaly işleýän bu appyň, ýagny tilsimiň watançylyk öwrümi bar: ol moskwalylara öz ýurtlarynyň we onuň paýtagtynyň taryhyny öwrenmäge kömek edýär.

"Bu programmadan maksat modadaky artdyrylan reallyk tehnologiýasyndan peýdalanyp, adamlaryň ünsüni Moskwanyň baý medeni mirasyna çekmek, şeýle hem moskwalylara köpräk ýöremäge ýene bir sebäp döretmek" diýip, Informasiýa tehnologiýasy bölüminiň 25-nji iýulda çykaran beýannamasynda aýdylýar.

Beýannamada aýdylyşyna görä, bu programma awgust aýynyň aýagyna çenli indirip almaga taýýar bolar.

Günbatara garaşlylygy azaltmak

Prezident Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda Orsýet giňden ýaýran tehnologiýanyň wersiýalaryny ýurt içinde döretmek bilen Günbatara garaşlylygy azaltmaga ýygy-ýygydan synanyşyk edýär.

Öten ýyl Orsýet "Visa" we "MasterCard" ýaly läheňlere bäsdeşlik üçin bir töleg kartyny girizdi.

Günbatarda halk tarapyndan halanýan medeni ugurlaryň Orsýetde derrew kopiýa wersiýalary peýda bolýar. Mysal üçin, J.K.Rowlingiň "Harry Potter" kitaplary okujylaryň ünsüni tutuş dünýäde özüne çekende Orsýetde hem şolar ýaly kitaplar çykdy. Olaryň biriniň baş gahrymany Tanýa Grotter atly bir moskwaly gyzdy.

"Moskwany Tap, Foto"

Smart telefonlary bilen wirtual “Pokemon” zatlaryny tapmagyň, tutmagyň we "toplamagyň" deregine, "Moskwany Tap, Foto" tilsimini ulanyjylar Moskwanyň köçelerinde we seýil baglarynda tanymal taryhy we medeni şahsyýetleri agtarlarlar.

Şäher häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, “Pokemon Go” tilsiminden tapawutlylykda şahsyýetleriň keşbi 3D-de reallyga proýektirlener. Bu tilsim ulanyjylary 3D şahsyýetler bilen surata düşmäge çagyrar. “Pokemon Go” tilsiminde bolsa oýunçylar öz ýygnan Pokmonyny ulanyp özara bäsleşýärler.

Sanawa girizilen şahsyýetler sar Pýotr-I, Iwan IV Grozniý, ilkinji bolup kosmosa çykan Gagarin, ýazyjy Aleksandr Puşkin, alym Mikail Lomonosow, kompozitor Pýot Çaikoski we Napoleon Bonapart ýaly adamlary öz içine alýar.

“Pokemon” tilsimi

Orsýetde “Pokemon” entek resmi taýdan ýaýradylanok. Ýöne bu tilsimi syýasatçylar, howpsuzlyk resmileri, milletçiler we dini jemagatlar halaman, oňa şübheli garasalar-da, ol gyzyklanma bilen oýnalýar.

Käbirleri smartfonlarda oýnalýan bu oýuny pul gazanmak üçin edilen ruhy taýdan boş zat diýip atlandyrsa, käbirleri oňa dindarlaryň ynanjyna edilmegi mümkin hüjüm diýip garaýarlar. Olar “Pokemonyň” ybadathanalara proýektirlenmegi mümkin diýip, howatyr edýärler.

Beýlekileriň pikiriçe bolsa, bu programma Orsýetiň raýatlaryna smartfonlary bilen ýurduň gizlin ýerlerini görkezdirip, Amerikanyň howpsuzlyk gulluklaryna maglumat toplamaga ýol açmak üçin Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) oýlap tapan pirimi bolup durýar.

XS
SM
MD
LG