Sepleriň elýeterliligi

Awtoulaglarda “gara guty” bolar


Sürüjisiz awtoulag.

Sürüjisiz awtoulag.

Bu enjam ulag eýeleriniň duçar bolýan ýagdaýlarynyň derňelmegine kömek eder.

Germaniýa öz-özünden hereket edýän awtoulaglara gara guta meňzeş özünde maglumat jemleýän bir ýazgy enjamynyň goýulmagy barada oýlanýar. Bu enjam ulaglaryň heläkçilik ýagdaýlarynyň öwrenilmegine hem goldaw berer.

Ýurtda munuň bilen baglanyşykly täze kanun hem taýýarlanýar. Transport we telekommunikasiýa ministrliginiň BBC korporasiýasyna beren maglumatynda kagyz ýüzünde bu işiň häzirlikçe doly tamamlanmandygyny mälim edilýär.

Gürrüňi edilýän enjam awtoulaglar özbaşdak hereket eden mahaly kompýuteriň berýän buýruklaryny ýazga alyp ýadynda saklar. Bu bolsa ýüze çykan ýagdaýyň sebäbiniň gysga wagtda anyklanmagyna kömek eder.

Bu ugurdaky kanun taslamasynyň şu tomus tassyklanmagy üçin, beýleki ministrliklere iberilmegi göz öňünde tutulýar.

Maý aýynda “Tesla” firmasynyň bir awtoulagy awtopilot ýagdaýynda işlän mahaly ýol heläkçiligine uçrapdyr. Şondan soň özbaşdak hereket edýän awtoulaglaryň tehnologiýasy bilen has içgin gyzyklanmaga başlapdyrlar.

“Tesla” firmasy ençeme gezek awtopilot ulgamynyň ukyplylygyny has kämilleşdirmek babatda iş edendiklerini mälim edýär. Ýöne şonda-da häzirlikçe bu ulgam doly özbaşyna hereket edip biljek ýagdaýda däl.

XS
SM
MD
LG