Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli kürekçileriň üçüsi Olimpiadadan çetleşdirildi


Iwan Podşiwalow (s) we Georgiý Efremenko (s), 7-nji maý, 2016.
Iwan Podşiwalow (s) we Georgiý Efremenko (s), 7-nji maý, 2016.

Orsýetli üç kürekçiniň Rioda geçiriljek olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna 25-nji iýulda gadagançylyk girizildi. Olaryň Halkara olimpiýa komitetiniň düzgünleriniň esasynda doping bilen bagly gadagançylyk sebäpli ýaryşdan çetleşdirilendigi aýdyldy.

Iwan Podşiwalow, Iwan Balandin we Anastasia Karabelşçikowa babatyndaky gadagançylyk Orsýetiň gaýykçylarynyň Olimpiada gatnaşyp bilmejegini, sebäbi gadagan edilen kürekçileriň “çalşyrylyp bilinmejegini” aňladýar, diýip Orsýetiň Kürekçiler federasiýasynyň başlygy Weniamin But aýtdy.

“Üç adam diskwalifikasiýa edildi, şu üç adam sebäpli 15 adam Olimpiada syýahat edip bilmeýär” diýip But Interfaks agentligine aýtdy.

Halkara olimpiýa komiteti 24-nji iýulda ähli orsýetli atletleriň gadagan edilmegine garşy çykdy, emma doping bilen bagly düzgünleriň bozulmagyna degişli ozalky ýagdaýlar babatynda gadagançylygyň girizilmegini karar etdi.

XS
SM
MD
LG