Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Erdogan Putin bilen duşuşar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s)

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s)

Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary prezident Rejep Taýyp Erdoganyň prezident Wladimir Putin bilen gepleşik geçirmek üçin indiki aýda Orsýete sapar etjekdigini aýtdy. Bu sapar Ankaranyň geçen ýylda orsýet uçaryny urup gaçyrandygy üçin ötünç soramagynyň netijesinde Moskwa bilen gatnaşyklarynyň gowulanyp başlamagyndan soňky ilkinji duşuşyk bolar.

Türkiýäniň Anadoly döwlet habar agentligi 26-njy iýulda premýer-ministriň orunbasary Mehmet Simsegiň sözüni sitirläp, Erdoganyň Putin bilen 9-njy awgustda Sankt Peterburgda duşuşyp biljekdigini habar berdi.

Putin şu aýyň başynda Erdogana jaň edip, oňa Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşyk bilen baglylykda gynanç bildirdi. Kreml iki ýurduň liderleriniň ýakyn wagtda duşuşjakdygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG