Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri, Lawrow Siriýa boýunça hyzmatdaşlygy maslahat etdiler


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (s) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ç), Laos
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri (s) we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ç), Laos

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri ABŞ-nyň Orsýet we Siriýa bilen has ýakyn harby hyzmatdaşlyk we aňtaw maglumatlaryny paýlaşmak boýunça planynyň detallarynyň awgustyň başynda yglan edilmegine umyt bildirdi.

Kerri bu barada 26-njy iýulda günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynyň Laosdaky duşuşygynyň dowamynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren gepleşikleriniň yzýany aýtdy.

Plan Waşingtonyň we Moskwanyň “Al Kaýdanyň” ýarany “Al Nusra” frontuna garşy howa zarbalaryny sazlaşdyrmak üçin aňtaw maglumatlarynyň paýlaşylmagyny, şeýle-de Siriýanyň howa güýçleriniň aram gozgalaňçy toparlary oka tutmagyna gadagançylygy göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG