Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa: Hristian kilisesinde zamun alan hüjümçiler öldürildi


Fransiýanyň polisiýasy hristian kilisesinde zamun alyşlygyň bolan ýerinde, Fransiýanyň Normandiýa regiony (St.-Étienne-du-Rouvray), 26-njy iýul, 2016

Fransiýanyň polisiýasy hristian kilisesinde zamun alyşlygyň bolan ýerinde, Fransiýanyň Normandiýa regiony (St.-Étienne-du-Rouvray), 26-njy iýul, 2016

Fransiýanyň Normandiýa regionynda iki hüjümçi hristian kilisesinde ruhanyny öldürdiler.

Hüjümçileriň polisiýa tarapyndan atylyp öldürilendigi habar berildi.

Hüjümçileriň şahsyýeti we maksady anyklanmady.

Fransiýanyň terrora garşy derňew toparynyň aýtmagyna görä, (St.-Étienne-du-Rouvray) şäher kilisesinde bolan hüjüm boýunça derňew geçirilýär.

Fransiýanyň mediasy hüjümçileriň ruhanynyň damagyny çalyp öldürendigini habar berdi. Beýleki zamunyň “ölümiň gyrasynda” bolandygyny Fransiýanyň Içeri işler ministrligi mälim etdi.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland we içeri işler ministri Bernard Kazeneuwe hüjümiň bolan ýerine bardylar.

Fransiýanyň mediasyna görä, hüjümçiler ruhanyny, iki monah aýaly we birnäçe dinçini zamun alypdyr.

Watikan hüjümi ýazgaryp, ony “wagşyçylykly gyrgynçylyk” diýip atlandyrdy.

Fransiýanyň premýer-ministri Manuel Walls “ybadathana edilen wagşyçylykly hüjüm” bilen bagly aladalanma bildirdi. “Tutuş Fransiýa we katoliklere zarba uruldy. Biz bile durarys”, diýip Walls Twitterde ýazdy.

XS
SM
MD
LG