Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň firmalary musulmanlara mümkünçilik döredýär


Nýu-Ýorkda geçirilen “Bu gün menem musulman” atly ýörişden bir pursat. 2011 ý.

Nýu-Ýorkda geçirilen “Bu gün menem musulman” atly ýörişden bir pursat. 2011 ý.

Terrorçylykly hüjümler köpelýär. Yslam dini tankyda köp sezewar bolýar. Prezidentlik saýlawyna dalaşgär respublikaçy Donald Tramp musulman bosgunlaryň ýurda gelmegine gadaganlyk girizmek isleýär.

Şeýle ýagdaý höküm sürýärkä, ABŞ-daky köpsanly firma musulmanlaryň özüni howpsuz duýmagy üçin, käbir çäreleri amala aşyrýar: her firmada namaz okamak üçin ýörite otaglar döredilýär, yslam dini barasynda köpçülikleýin pikir alyşyklar geçirilýär, alkogol içgisiz ofis üýşmeleňleri gurnalýar.

Ýolbaşçylar bolsa ukyply işgärleri ýitirmejek bolup, olaryň firmadaky şertlerini gowulandyrýarlar we işgärleriň arasynda agzalalyklaryň döremeginiň öňüni almagyň aladasyny edýärler.

Ýekeje ädimiň tapawudy

Işeňňirlik ugrunda hünärmenlik derejesine ýeten hukuk geňeşçisi Mişel Pilipsiň aýtmagyna görä, şeýle maksat bilen ädilen ýekeje ädim hem gaty uly tapawut döredýändir: “Dini ynanjyna beýleki adamlaryň hoşmeýillili çemeleşýändigini görýän bir işgär öz işine has uly sarpa goýýar. Hojaýynlar bu meselä gaty çynlakaý çemeleşmäge başlamasa we käbir işgärleriň äsgermezçiliklere duçar bolmazlygy üçin gerek bolan çäreleri görmese has köp arza-şikaýat ediler”.

ABŞ-nyň umumy ilatynyň diňe ýüzden 1 göterimi musulmanlardan ybarat bolsa-da, geçen ýyl Bilelikdäki iş mümkinçilikleri gullugyna (EEOC) dini ynanç bilen baglanşykly arza-şikaýatlaryň ýüzden 40 göterimini olar iberipdir. Gulluk, munyň bilen baglanşykly yzly-yzyna gepleşikler geçiripdir. Işleýän ýerinde doňuz eti bilen alkogoldan ýüz öwürendigi sebäpli musulmanlaryň işden kowlup-kowulmandygy anyklaşdyrylypdyr. Köpsanly wakada kazyýet hiç kimiň şeýle sebäplerden işden kowlup bilmejekdigi barasynda karar kabul edipdir.

Sakgalyny syrmaýan polisiýa...

EEOC-a edilen arza-şikaýatlaryň arasynda “AutoZone Inc” we “UPS Inc” poçta firmasy bilen baglanşykly arzalar hem bar. Ol firmada işleýän musulmanlara “terrorçy”, “Bin Ladin” ýaly lakamlar dakylandygy, metjide gidip bilmeýändikleri üçin iş tertibiniň üýtgedilmegi barasynda edilen haýyşlaryň nazarda tutulmandygy aýan edilipdir.

Geçen aý Nýu-Ýorkyň polisiýa edarasy bir polisiýa işgäriniň öz dini ynanjyna görä goýberen sakgalyny syrmandygy üçin, ony wezipesinden boşadypdyr. Soň ol kazyýete ýüz tutupdyr we aradan ep-esli salym geçenem bolsa, öz işine gaýdyp barmagy başarypdyr.

Geçen ýylyň dekabr aýynda “Yslam döwleti” toparynyň San-Bernardinodaky terrorçylykly hüjüminden soň, EEOC öz internet sahypasynda şeýle ýörite bir bölüm döredipdir:

“Musulman ýa-da Ýakyn gündogarly bolan ... raýatlaryň iş şertleri bilen baglanşykly jogapkärçilikler”.

Raýatlyk hukuklary şertnamasynyň 7-nji bölümine görä, iş şertleri bilen baglanşykly karar kabul edilen mahaly dini ynanjyň göz öňünde tutulmagy gadagandyr.

Geýim kodeksi

Işlenýän ýerleriň aglabasynda diýen ýaly liberal dress-kod kadasyna (‘dress-code’ – iňlis dilinden terjime edilende iş ýerlerine, käbir çärelere, magaryf edaralaryna barylan mahaly eýerilmeli geýim kadasy, geýim kodeksi’ diýen manyny berýär) eýerilýändir.

“PricewaterhouseCoopers” firmasynda işleýän Umar Latif kellesine oranýan atynjasy bilen işe gidip-gelýär we onuň aýtmagyna görä bu onuň "musulmandygyny” ýaňzydýar.

“JP Morgan Chase&Co” firmasynyň namaz we doga otagy bolmaýan şahamçalarynda işgärler metjide we beýleki ybadat ýerlerine gidip-geler ýaly ýörite ulaglar bilen üpjün edilipdir. Nýu-Ýorkda ýerleşýän bir arhitektura firmasynyň öz işgärleri üçin gurnan üýşmeleňinde täze işe başlan bir musulman işgäriň özüni parahat duýmagy üçin, hiç kime spirtli içgiler hödürlenmändir. “At Accenture Plc” firmasynda bolsa, işgärler üçin gurnalýan üýşmeleňleriň tertibi musulmanlaryň ýa-da beýleki dinleriň baýramlaryna gabat gelmejek ýagdaýda taýýarlanypdyr.

Günsaýyn has köp firma...

Tanenbaum dinleriň raýdaşlygy we hoşmeýillilik merkezinden Joýee Dubenski, günsaýyn has köp firmanyň din bilen baglanşykly meseleleri çözmäge ürç edýändigini belleýär. Soňky 3 ýylda Tandenbaum merkeziniň tarapdar firmalarynyň sany 24-e baryp ýetipdir. Olaryň arasynda “Wal-Mart Stores Inc”, “Walt Disney Co” we “Merck&Co” ýaly firmalar hem bardyr.

41 ýyllap “Horion” firmasynda işlän auditor Hadiýah Muhammad, müdirleriň ondan dini ynanjyny arkaýyn beýan etmegi barada bildiren haýyşyna özüniň diýseň hoşal bolandygyny nygtapdyr.

“DiversityWealth” geňeşdarlyk firmasyndan Terry Howardyň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň iň ýaýrawly haçparazlar toparyndan soňky köpçülige eýe musulmanlara hem işleýän ýerlerinde berilýän ähmiýetler geljek ýyllarda hasam ýokarlanar: “Musulmanlar hem hemmeler ýaly özüne sarpa goýulmagyna garaşýarlar”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG