Sepleriň elýeterliligi

Aralykda işleýän termometr oýlanyp tapyldy


Termometr.

Termometr.

Bu termometri maňlaýyňa golaý tutanyňda, gyzgynyň bolup-bolmandygyny anyklap bilersiň.

Fransiýanyň firmalaryndan biri tene degmän işleýän elektron termometri satuwa çykardy.

Bu enjam bilen bedeniň gyzgynyny ölçemek üçin, ony maňlaýyň töwereginde aýlamak ýeterlik boljak.

Enjama 4 müňden hem köp ölçeg geçirýän 16 infra-gyzyl şöhle geçiriji goýlupdyr. Bedeniň iň ýokary gyzgyny esasy damarlaryň gyzgynynyň uzakdan ölçelmegi bilen kesgitlenýär.

Elektron termometr mobil programma bilen utgaşdyrylypdyr. Ýaş, simptom we bedeniň gyzgynynyň tapawudyna laýyklykda, sagdynlaşmak isleýäne maslahatlar hem berilýär.

Ölçeginiň takyklygy taýdan bu termometri rektal we gulak termometrleri bilen deňeşdirmek bolar.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, bu enjam endama degmeýäni üçin, arassaçylyk taýdan örän ähmiýetli we bedene hem zeper ýetirmeýär. Onuň bilen oýalykdaky ýa-da ukuda ýatan adamyň gyzgynyny aňsatlyk bilen barlamak mümkin.

Termometr, şol bir wagtyň özünde hassanyň gyzgynynyň haýsy yzygiderlilikde ölçenendigini öwrenmäge-de kömek edýär.

XS
SM
MD
LG