Sepleriň elýeterliligi

Kerri, Lawrow Siriýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar


Amerikanyň döwlet sekratary Jon Kerri we Orsýetiň daşary işleri ministri Sergeý Lawrow.

Amerikanyň döwlet sekratary Jon Kerri we Orsýetiň daşary işleri ministri Sergeý Lawrow.

Amerikanyň döwlet sekretary Jon Kerri Birleşen Ştatlaryň Siriýa boýunça Orsýet bilen harby hyzmatdaşlyk we maglumat alyp-çalyşmak plany hakda awgust aýynyň başlarynda maglumat bermegi umyt edýändigini aýtdy.

Kerri bu beýanaty 26-njy iýulda Laosda günorta-gündogar Aziýa döwletleriniň ýygnagynyň gapdalynda Orsýetiň daşary işleri ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren duşuşygyndan soňra etdi.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda göz öňünde tutulýan Waşington bilen Moskwanyň “Al-Kaýda” bilen ilteşikli “Al-Nusra” frontuna garşy urýan howa zarbalaryny koordinirlemekleri üçin gizlin maglumatlary özara paýlaşmak, şeýle hem Siriýanyň harby howa güýçlerine aram gozgalaňçy toparlara hüjüm etmegi gadagan etmek.

Kerri žurnalistlere soňky günlerde bu planda ilerleme bolandygyny bildirip, şeýle diýdi: "Meniň umydym awgust aýynyň başlarynda siziň öňüňizde durup, Siriýada adamlaryň durmuşyny we urşuň gidişini üýtgeder diýip umyt edilýän näme zatlary edip biljekdigimizi aýtmak".

“Siriýada dogry zatlary etmek”

Orsýetiň daşary işler ministri Lawrow hem ondan oň Siriýada köpräk koordinasiýa barada özüniň Kerri bilen gürleşendigini bildirdi.

"Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary bilen Moskwada geçen soňky duşuşykda gelnen ylalaşyklar hakda biziň ekspertlerimiz özara pikir alyşdylar. Ylalaşyklar başa barsa, onda biz oppozision güýçler bilen 'Yslam döwleti' toparynyň terroristlerini we al-Nusra frontyny biri-birinden tapawutlandyryp bileris diýip umyt edýäris" diýip, Lawrow aýtdy.

Kerri bilen Lawrowyň arasyndaky duşuşyk Aziýa döwletleriniň Laosda geçen ýygnagynyň gapdalynda bolup geçdi.

25-nji iýulda Amerikanyň goranmak sekretary Aş Kartar duşuşykdan maksat "Orsýetiň Siriýada dogry zatlary etmäge başlamagynyň mümkindigini görmek" diýdi.

“Hiç bir syryň üsti açylmaz”

Karter Orsýetiň şu çaka çenli alyp baran syýasaty, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady Aleppo we beýleki ýerlerde oppozision gozgalaňçylara garşy alyp barýan söweşinde güýçlendirip, bäş ýyl bäri Siriýada barýan graždanlyk urşuny uzaltdy diýdi.

"Biz Moskwa syýasy çözgüdi we geçişi ilerleder, graždanlyk urşunyň soňuna çykylar diýip umyt edipdik. Ýöne olar bu işi ederden örän uzakda" diýip, Karter aýtdy.

Aýdylyşyna görä, Amerikanyň goranmak we aňtaw gulluklary gizlin maglumatlary Orsýet bilen paýlaşmaga meýilli däl. Olar orslar bilen edilen hyzmatdaşlykda Birleşen Ştatlaryň gizlin harby metodlarynyň, usullarynyň we proseduralarynyň orslara aýan bolaryndan howatyr edýärler.

Ýöne Bileleşen ştab başlyklarynyň ýolbaşçysy general Joe Dunford 25-nji iýulda hiç bir syryň üsti açylmaz diýip arkaýynlyk bermäge synanyşdy.

"Biz ynama daýanýan bir transaksiýa girişemzok. Orsýet bilen bolmagy mümkin her bir alyş-çalyşda aýratyn proseduralar we prosesler bolar" diýip, Dunford aýtdy.

Bu aralykda "Republikan" partiýasynyň prezidentlik kandidaty Donald Trump hem "Yslam döwleti" toparyna we al-Kaýda bilen ilteşikli al-Nusra frontyna garşy söweşde Orsýet bilen ýakyn hyzmatdaşlyk pikirini goldaýana meňzeýär.

Orsýetden tarapdarlyk edip, ozal hem birnäçe beýanat beren Trump Demokratik milli komitetiň Hillary Klintony kyn ýagdaýa salan e-mailleriniň daşary ýaýramagynda Orsýetiň eli bar diýilýän pikirleri-de ret etdi.lotusnotes

XS
SM
MD
LG