Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: ýene 47 žurnalist tussag ediler


«Zaman» gazetiniň sanlary
«Zaman» gazetiniň sanlary

Türkiýe başa barmadyk harby agdarylyşykdan soňky tut-da-baslygyň we metbugata garşy görülýän täze çärleriň arasynda 47 žurnalisti tussag etmek barada karar çykarydy diýip, türk mediasy 27-nji iýulda habar berdi.

«Zaman» gazeti üçin işleýän žurnalistler, hamala, Birleşen Ştatlarda ýaşaýan ruhany Fethulla Gülen bilen hyzmatdaşlykda bolupdyrlar. Mälim bolşy ýaly, Ankara 15-nji iýuldaky agdarylyşyk synanyşygnyň arkasynda Güleniň durandygyny aýdýar diýip, «Anadolu» habar gullugy aýtdy.

Polisiýa mart aýynda «Zaman» gazetine reýd geçiripdi we şondan soň bu neşir hökümetiň eline geçipdi.

Mundan başga, şu hepdäniň başynda hem 42 sany žurnalisti tutmak barada karar çykarylypdy.

Ankara harby agdarylyşyk synanyşygyndan ozal hem metbugaty azatlygyny çäklendirmekde giňden tankyt edilýärdi.

XS
SM
MD
LG