Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewan: Ýaragly toparyň lideri ýaralandy


Varagly toparyň ýolbaşçysy Pawel Manukian
Varagly toparyň ýolbaşçysy Pawel Manukian

Ýerewanda polisiýa stansiýasyny eýelän ýaragly toparyň ýolbaşçysy Pawel Manukian we onuň ogly öten agşam polisiýa bilen bolan atyşykda ýaralandy diýip, ermeni polisiýasynyň sözçüsi Aşot Aharonian 27-nji iýulda tassyk etdi.

Şeýle-de ol Sasna Tsrer (Sasunyň garadan gaýtmazlary) toparynyň iki agzasynyň, Gagik Ýeghiazarian bilen Aram Hakobian kanun goraýjy guramalar özlerini tabşyrandygyny aýtdy.

“Ol ýerde atyşyk boldy we bir polisiýa ofiseri ýaralandy. Şeýle-le Pawel Manukian we onuň ogly Aram ýaralandy. Bularyň üçüsi hem derrew hassahana alnyp gidildi» diýip, Aharonian häzirki wagtda atyşygyň kesilendigini, ýaragly toparyň tabyn bolmagyny tamamlamak üçin gepleşikleriň dowam edýändigini feýsbukda habar berdi.

XS
SM
MD
LG