Sepleriň elýeterliligi

Obama: Orsýetiň hakerlik eden bolmagy mümkin


Barak Obama

Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama geçen hepde, Amerikan saýlawlaryna täsir ýetirmek maksady bilen, Demokratik partiýanyň elektron hatlarynyň esasy syzdyrylmasynyň arkasynda Orsýetiň duran bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

"Hemme zat mümkin" diýip, Obama 26-njy iýulda NBC News bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Demokratik milli komitetiň elektron hatlarynyň müňlerçesiniň syzdyrylmagy, ýokary partiýa liderleriniň onuň esasy bäsdeşi Berni Sanders bilen bäsleşiginde bitarap bolmagy wada berendiklerine garamazdan, Hillari Klintona gol ýapandyklaryny görkezdi.

Bu ýagdaý Klintonyň Filadelfiýadaky konwensiýada öz partiýasynyň resmi kandidatlyk tassyklamasyny almagynyň öň ýanynda dörän alasarmyklyga sebäp boldy.

Häzir Federal derňew býurosy Demokratik komitetiň elektron hatlaryny kimiň hakerlik edip, WikiLeakse syzdyrandygyny derňeýär.

"Men ekspertleriň muny ruslar bilen baglanyşdyrýandygyny bilýärin" diýip, Obama aýtdy.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG