Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň dini liderleri bütewülige çagyrdylar

(Çepden saga) Fransiýanyň ýewreýleriň merkezi ybadathanasynyň ýolbaşçysy Joel Mergui, Protestant federasiýasynyň başlygy pastor Fransois Klawairoly, Buddist bileleşiginiň başlygy Wang-Genh, Fransiýanyň kardinaly Andre Wingt-Trois we Parižiň metjidiniň ýolbaşçysy Dalil Boubakeur, 27-nji iýul, 2016

Fransiýanyň dini liderleri “Yslam döwleti” (YD) toparynyň ekstremistleriniň demirgazyk Fransiýada Katolik kilisesine hüjüm edip, ruhanyny öldürmeginden soň bütewülige çagyryş etdiler.

Arhiýepiskop Andre Wingt-Trois prezident Fransua Holland bilen 27-nji iýulda geçiren duşuşygynyň yzýany katoliklere ýüzlenip, olary “ýüreklerine ornaşan ýigrençden üstün çykmaga” we “bir maşgaladaky çagalary bir-birine garşy goýmak isleýän” YD toparynyň “oýnuna girişmezlige” çagyrdy.

Parižiň ymamy Dalil Boubakeur fransiýaly musulmanlaryň yslam ruhanylarynyň has gowy taýýarlanmagyna itergi bermelidigini aýtdy.

Şeýle-de Boubakeur dini ybadatlaryň geçirilýän ýerinde howpsuzlygy güýçlendirmäge çagyrdy.

Fransiýanyň Saint-Etienne-du-Rouvray şäherinde katolik kilisesine edilen hüjümden iki hepdä golaý wagt öň Fransiýanyň Nisa şäherinde bolan hüjümde 84 adam wepat boldy. Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG