Sepleriň elýeterliligi

Indi musulmanlary Awstraliýa goýbermezlige çagyrylýar


Iordaniýada musulman çaga Remezan baýramynda ali şarly gezelenç edýär. 6-njy iýul, 2016 ý.

Iordaniýada musulman çaga Remezan baýramynda ali şarly gezelenç edýär. 6-njy iýul, 2016 ý.

Awstraliýanyň “Channel Nine” telekanalynyň alyp baryjysy Sonia Kruger musulmanlaryň Awstraliýa göçüp gelmegini togtatmak barasynda çagyryş edipdir.

Ol ABŞ-nyň prezidentlik dalaşgäri Donald Tramp bilen birmeňzeş pikire eýedigini belläpdir.

Alyp baryjy Nisede adamlaryň gyrylmagy barasynda eden çykyşynda şeýle diýipdir: “Herald Sun gazetiniň işgäri Andrew Boltuň pikrini doly goldaýaryn. Bolt özüniň bir makalasynda şeýle garaýyşy öňe sürüpdir ‘biz näçe musulman “import” etsek, şonça-da özümizi howp astyna salýarys”.

“Dogrusyny aýtsam, meniň pikrime görä Andrew Bolt mamla. Bir ýurtdaky musulmanlaryň sany bilen gurnalýan terrorçylykly hüjümleriň arasynda gönümel arabaglanyşyk bar. Meniň gaty gowy, parahatçylyk söýüji, hoşmeýilli musulman dostlarym bar. Ýöne çakdanaşa geçýänler hem bar. Hut meniň özüm munuň Awstraliýada doly goýbolsun edilmegini isleýärin. Men özüni howpsuz duýmak isleýärin we şol bir wagtyň özünde-de söz azatlygyndan hem doly peýdalanmak isleýärin” diýip, Kruger aýdypdyr.

Kruger Andrew Boltuň musulmanlaryň Fransiýa göçmeginiň terrorçylyga gapyny açandygy baradaky delillerini gaýtalap, Ýaponiýada o diýen köp musulman bolmansoň, ol ýerde terrorçylykly hüjümleriň hem bolmaýandygyny öňe sürüpdir.

“Today Extra” telegepleşigini Kruger bilen bilelikde alyp barýan David Campbell bolsa, onuň pikrine jogap höküminde şeýle diýipdir: “Men din azatlygyny we söz azatlygyny bilelikde isleýärin. Olar bir bitewidir”.

Rok aýdymçysy Jimmy Barnesiň ogly we asyl käri mugallym bolan Campbell Boltuň makalasy bilen baglanşykly “Şeýle makalalar jemgyýetde agzalalyk döredýär” diýipdir.

Ýöne Kruger oňa şeýle jogap beripdir: “Nisede öldürilen çagalaryň ene-atalary onuň aýdanlary bilen razylaşýar ahbetin”.

Kruger telegepleşikden soň Twitter sosial ulgamynda “bir ene hökmünde demokratik jemgyýetde şeýle meseleler barada pikir alyşylmagyny dogry hasaplaýaryn” diýip ýazypdyr.

Awstraliýanyň premýer-ministri Malcolm Turnbull Kanberrada geçiren metbugat ýygnagynda, ýurduň uzak ýyllardan bäri diskriminasiýasyz göç maksatnamasyna we ynsanperwer programmasyna eýe bolandygyny nygtap, mundan beýlägem munuň üýtgemejekdigini aýdypdyr.

Bolt ýokarda agzalan makalasynda uly seslenme döreden argumentleriniň birinde şeýle diýipdir: “Tanymal musulmanlar” yslam terrorçylygy bilen baglanyşykly her bir aýdylan sözi Günbataryň tankydyna öwürýärler”.

“Elbetde, musulmanlaryň aglaba köpçüligi hoşmeýilli raýatlardyr. Olaryň käbiri hemmeler tarapyndan gowy görülýär. Olar terrorçylygy ýazgarýarlar. Olar parahatçylyk hem asudalyk isleýärler... Ýöne musulman liderler duşmançylykly sözler aýdanda, terrorçylara töwekgelçilik edende we Günbatary günäkär görkezen mahaly olaryň köpüsi sesini çykarmaýar” diýip, Bolt öz makalasynda ýazypdyr.

XS
SM
MD
LG