Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa ABŞ-ny dartgynlylygy tutaşdyrmakda aýyplady


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un

Demirgazyk Koreýanyň ABŞ bilen gatnaşyklar boýunça ýokary derejeli resmisi Waşingtonyň lider Kim Jong Uny sanksiýalar sanawyna goşmak arkaly dartgynlylygy öjükdirýändigini aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň ABŞ bilen gatnaşyklar boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Han Song Ryol 28-nji iýulda “Associated Press” agentligine beren interwýusynda ABŞ-nyň ýakynda eden hereketleriniň Koreýa ýarymadasyndaky ýagdaýy urşa tarap gönükdirendigini aýtdy.

Şeýle-de Han ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň indiki aýda geçirmegi planlaşdyrýan bilelikdäki harby türgenleşikleriniň agyr gapma-garşylyga getirip biljekdigini aýtdy.

ABŞ we Günorta Koreýa bilelikdäki harby türgenleşiklerini yzygiderli geçirýärler.

Han açyk görnüşde agressiw türgenleşikleriň agressiwdigini we olaryň habar berlişine görä, Demirgazyk Koreýanyň paýtagtyna baryp, ýurduň baş liderlerini öldürmek üçin goşunlary taýýarlamak maksatly maşklary hem öz içine alýandygyny aýtdy.

Han Waşingtonyň Kim Jong Uny sanksiýalar sanawyna salmak kararynyň soňky damja bolandygyny aýtdy.

Waşington 6-njy iýulda Demirgazyk Koreýanyň baş liderini birnäçe beýleki resmiler bilen bilelikde sanksiýalar sanawyna goşdy we olary adam hukuklaryny depelemekde, adamlary sudsuz ölüme höküm etmekde, mejbury iş güýjüni ulanmakda we gynamalara baş goşmakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG