Sepleriň elýeterliligi

WikiLeaks Demokratik partiýadan ogurlanan ses ýazgylary ýaýratdy


Hillary Klinton Demokratik milli konwensiýasynda çykyş edýär, Filadelfia, 26-njy iýul, 2016

Hillary Klinton Demokratik milli konwensiýasynda çykyş edýär, Filadelfia, 26-njy iýul, 2016

WikiLeaks ABŞ-nyň Demokratik milli komitetinden ogurlanan 29 sany ses ýazgyny, şol sanda Bernie Sandersyň partiýadaky täsirinden nägilelik bildiren şahsyýeti anyklaşdyrylmadyk agzalaryň binäçesiniň seslerini ýaýratdy.

Wikileaksyň 27-nji iýulda çap eden maglumatlary Demokratik milli konwensiýasynyň geçýän wagtyna we Hillary Klintonyň partiýanyň prezidentlik saýlawlary üçin resmi dalaşgäri edilip saýlanan pursadyna gabat geldi.

Şu hepdede WikiLeaks Demokratik partiýadan ogurlanan 19000-den gowrak elektron hatyny çap etdi.

XS
SM
MD
LG