Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanyň nebit işgärleri proteste çykdy


Nebit öndüriji "Burgylau" şirketiniň işgärleri, Žanaozen, 28-nji iýul, 2016

Nebit öndüriji "Burgylau" şirketiniň işgärleri, Žanaozen, 28-nji iýul, 2016

Gazagystanyň günbataryndaky Žanaozen şäherinde nebit pudagynyň ýüzlerçe işgäri iki sagatlyk protest geçirdiler. Guramaçylar protestçileriň aýlyklaryň peseldilmegine garşylyk bildirdiler.

Guramaçylar 28-nji iýulda irden geçirilen ýörişe Burgylau nebit öndüriji şirketiniň 700 çemesi işgäriniň gatnaşandygyny aýtdylar. Protestçiler Burgylau kompaniýasynyň iş sagatlaryny azaltmak planlayrny yglan edendigini belläp, munuň özleriniň zähmet haklarynyň hem kemelmegine getirip biljekdigini aýtdylar. Kompaniýa öz kararyny global derejede nebitiň bahasynyň pese gaçmagy bilen düşündirdi.

Kompaniýanyň başlygy Ashat Sariew, şäheriň birnäçe ýolbaşçysy we profsoýuzlar bileleşiginiň wekilleri protestçiler bilen gepleşmek üçin baranlaryndan soň ýöriş dargady.

Sariew kompaniýanyň protestçi aktiwistleri işden çykarjakdygy baradaky gürrüňleriň esassyzdygyny aýtdy.

Kompaniýanyň iş sagatlaryny azaltmak planlarynyň bolup-bolmazlygy hem anyklanmady.

Gazagystanyň nebite baý Mangyşlak regionynyň Žanaozen şäheri 2011-nji ýylda nebit işgärleriniň we hökümet güýçleriniň arasyndaky ganly çaknyşyklaryň merkezine öwrülipdi.

XS
SM
MD
LG