Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Aleppo üçin ynsanperwerlik ýoluny teklip edýär


Çörek nobaty, Alepponyň al-Şaar etraby, 14-nji iýul, 2016.

Çörek nobaty, Alepponyň al-Şaar etraby, 14-nji iýul, 2016.

Moskwa Siriýanyň hökümetiniň we onuň esasy ýarany Orsýetiň Siriýanyň demirgazygyndaky Aleppo şäherinde gabawda galan parahat ýaşaýjylaryň şäheri terk etmegi üçin ynsanperwer ýoluny açýandygyny aýtdy. Şeýle-de ýaragdan el çekmek isleýän söweşijiler üçin hem mümkinçiligiň döredilýändigi aýdylýar.

Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň bu çykyşy Siriýanyň hökümet güýçleriniň gozgalaňçylaryň elindäki Aleppo şäherine gözegçiligini güýçlendiren pursadynyň yzýanyna gabat geldi.

Şäherde 250 müň çemesi adamyň gabawda galýandygy çak edilýär.

Şoýgunyň 28-nji iýulda aýtmagyna görä, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putinde Alepponyň daşynda başlanjak we “terrorçylaryň elinde zamun saklanýanlara we ýaragdan el çekmek isleýänlere ýardam berip biljek” “uly möçberli ynsanperwer operasiýasy” bar.

Britaniýada ýerleşýän Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän gurama dikuçarlaryň ýol görkezýän kartalary ýaýratjakdygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG