Sepleriň elýeterliligi

Obama Klintony mynasyp dalaşgär diýip atlandyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Hillary Klinton, Filadelfiýa, 27-nji iýul, 2016

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama we Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Hillary Klinton, Filadelfiýa, 27-nji iýul, 2016

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 27-nji iýulda Demokratlaryň milli konwensiýasynda eden çykyşynda Hillary Klintony prezidentlige aňryçäk derejede mynasyp dalaşgär diýip atlandyrdy.

“Men Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti bolmaga Hillary Klintondan has mynasyp erkek adamyň ýa-da aýal maşgalanyň bolmandygyny ynamly aýdyp biljek” diýlip Barak Obama aýtdy.

Onuň bu çykyşy Demokratik partiýasynyň delegatlarynyň Klintony öz dalaşgäri hökmünde resmi taýdan saýlamagynyň ertesi boldy. Klinton Ak Tama ýolbaşçylyk etmäge dalaş edýän ilkinji zenandyr.

8-nji noýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda Klinton gapma-garşylykly respublikan dalaşgäri baý biznesmen Donald Trump bilen bäsdeş bolar.

XS
SM
MD
LG