Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Obama Klintony "aýdyň seçgi" atlandyrýar


Prezident Obama sözüni jemleýän pursaty Hillari Klinton sahna çykyp, prezidente gol berdi.

Prezident Obama sözüni jemleýän pursaty Hillari Klinton sahna çykyp, prezidente gol berdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama 27-nji iýulda Hillari Klintony prezidentlige aňrybaş mynasyp kandidat hökmünde häsiýetlendirmek bilen, Ak tam üçin bäsleşige çykýan respublikan kandidatynyň onuň “golaýyndanam geçmeýändigini” aýtdy.

"Birleşen Ştatlaryň prezidenti bolup işlemäge Hillari Klintondan artyk mynasyp bolan ýok, ne erkek ýa aýal, ne men, ne-de Bil (Klinton)" diýip, prezident Obama Filadelfiýada, Demokratlaryň milli gurultaýynda eden çykyşynda aýtdy.

Ol bir gün ozal demokratlaryň prezidentlige kandidatlygyny kabul eden Klintony Birleşen Ştatlaryň "indiki serkerdebaşysy bolmaga mynasyp we... taýýar» adam hökmünde häsiýetlendirdi.

Obama Klintonyň jemgyýetçilige eden uzak ýyllyk hyzmatynyň, şol sanda ABŞ-nyň döwlet sekretary we senatory bolup işlemeginiň ony Ak tam üçin iň bir özboluşly taýýarlykly adama öwrendigini aýtdy.

"Hakykatda hiç bir zat seni prezident ofisiniň talaplaryna taýýarlamaýar" diýip, Obama aýtdy. "Sen bu barada okap bilersiň. Sen muny öwrenip bilersiň. Emma sen şol stoluň başyna geçýänçäň, global krizisden baş alyp çykmagyň ýa-da ýaş adamlary urşa ibermegiň nämedigini bilmersiň. Emma Hillari ol otagda boldy, ol şol kararlaryň bir bölegi boldy" diýip, prezident aýtdy.

Prezident Obama sözüni jemleýän pursaty Hillari Klinton sahna çykyp, prezidente gol berip, märekäniň ruhuna ruh goşdy. Şeýle-de bu agşamda wise-prezident Jo Baýden, Nýu-Ýorkuň öňki meri Maýkl Blumberg, Klintonyň wirjinialy egindeşi Tim Keýn dagy hem söz sözledi.

"Şu ýyl, şu saýlawda men siziň özüme goşulmagyňyzy hem-de sinizmi ret etmegiňizi, gorky-howatyry ret etmegiňizi we özümizdäki iň gowulygy çagyryp, Hillari Klintony Birleşen Ştatlaryň indiki prezidentligine saýlamagyňyzy soraýaryn" diýip, Obama öz sözüni soňlanda aýtdy.

Prezident we beýleki çykyp geplänler baý biznesmen we ozalky TW ýyldyzy, hiç wagt jemgyýetçilik işinde işlemedik Trampy gorky-howatyra meçew bermekde we boş wadalarda berk tankyt etdiler.

Baýden Trampy «öz bähbidi üçin Amerika agzalalyk salmaga çalyşýan, dünýäni bulaşdyrjak adam» hökmünde häsiýetlendirdi.

Tramp gurultaýyň üçünji gijesindäki optimistik äheňi ýaňsylap, twitterde «millionlap ajaýyp adam garyplykda, zorluk we lapykeçlik içinde ýaşaýan wagty» ýurduň özüni hoşwagt duýmaýandygyny ýatlatdy.

"Orsýetiň tarapyny" tutmak

Çykyş edenleriň birnäçesi Trampy Orsýet babatda aşa dostana bolmakda tankyt etdi. Mälim bolşy ýaly, Orsýet 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny zor bilen anneksiýa edeli bäri Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesi Sowuk uruş döwründäki peslige düşdi.

Bu tankyt geçen hepde demokrat resmileriň arasynda alşylan elektron hatlaryň uly mukdarda ogurlanmagynyň we partiýanyň muny rus hökümetinden görmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Syzyp çykan hatlar Klintonyň kandidatlyk bäsdeşi Berni Sandersiň tarapdarlaryny gazaba mündürdi, sebäbi ol hatlar bitarap partiýa resmileriniň Klintona gol ýapandygyny görkezdi.

Tramp 27-nji iýulda Klintonyň şahsy hasaplap bozandygyny aýdan hatlaryny nazara alyp, Orsýetiň «ýiten 30 müň elektron haty tapmagyna umyt baglaýandygyny» aýdyp, demokratlaryň kejikmesine sebäp boldy.

Federal derňew býurosy, «adatdan daşary seresapsyzdygyny» aýdyp, Klintonyň gizlin materiallary öz şahsy elektron poçtasyndan geçirmek bilen kanuny bozup-bozmandygyny barlady we geçen aý oňa munuň üçin aýyp bildirilmejegini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Merkezi aňtaw gullugynyň ozalky başlygy Leon Panetta gurultaýda çykyş edip, Trampy, Moskwany Klintonyň hatlaryny tapmaga çagyryp, "ýene bir gezek Orsýetiň tarapyny tutmakda" aýyplady.

Wise-prezident Jo Baýden bolsa, respublikanlaryň kandidatynyň rus prezidenti Wladimir Putin baradaky pozitiw beýanatlaryna salgylanyp, Trampyň «diktatorlara» simpatiýa bildirýändigini aýtdy.

Klinton şu hepde guralan gurultaýda Birleşen Ştatlaryň esasy partiýalarynyň taryhynda Ak tama kandidatlyga seçilen ilkinji aýal boldy. Ol demokratlaryň prezidentlige kandidatlygyny resmi taýdan 28-nji iýulda kabul etmeli.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG