Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Kohestanda çaknyşyklar dowam edýär


Owgan esgeri artilleriýa okuny atýar.

Owgan esgeri artilleriýa okuny atýar.

Owganystanyň demirgazygyndaky Farýab welaýatynda howpsuzlyk şertleriniň dartgynly bolmagyna galýandygy, bu welaýatyň etraplarynyň tas ählisinde söweşijileriň hereket edýändigi habar berilýär.

27-nji iýulda gije söweşijiler Farýab welaýatyň Kohestan etrabyna hüjüm etdi. Bu hüjümiň netijesinde, 28-nji iýulda owgan howpsuzlyk güýçleri bilen söweşijileriň arasynda çaknyşyklaryň dowam edýändigi habar berilýär.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady jikme-jik maglumat taýýarlady.

XS
SM
MD
LG