Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton prezidentlige resmi dalaşgär boldy


Hillary Klinton, 28-nji iýul, 2016
Hillary Klinton, 28-nji iýul, 2016

Hillary Klinton ABŞ-nyň prezidenti wezipesine Demokratik partiýasynyň kandidaty bolmak teklibini resmi taýdan kabul etdi.

Klintonyň 28-nji iýulda eden çykyşy demokratlaryň dört günük konwensiýasynyň jemleýji pursady boldy we ABŞ-nyň taryhynda iň gymmatba we belki-de iň ýakymsyz saýlawlaryň başlangyjyny alamatlandyrdy.

“Biz ýurdumyzyň nämä garşydygyny anyk bilýäris. Emma biz gorkmaýarys. Biz hemişe bolşy ýaly, kynçylyklara garşy göterileris”, diýip Klinton aýtdy.

Konwensiýanyň soňky gejesinde Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky güýçlerine ýolbaşçylyk eden öňki general, Yrakda wepat bolan musulman amerikalynyň kakasy, şeýle-de Klintonyň gyzy Çelsea çykyş etdi.

Hillary Klintonyň garşydaşy milliarder Donald Trumpyň şu ýyl Respublikan partiýanyň düzüminde belli bir derejede köpçüligiň ünsüni özüne çekmekdäki ukybyna daýanyp öňe çykmagy syýasatçylaryň, saýlaw kampaniýalary boýunça bilermenleriň ençemesini geň galdyrypdy.

XS
SM
MD
LG