Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik zenanyny öldüren esgere 12 ýyl berildi


Iwan Şerbakow
Iwan Şerbakow

Orsýetiň Duşenbedäki harby bazasynyň golaýynda 22 ýaşly täjik zenanyny öldüren orsýetli esger 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi, diýip esgeriň alawçysy we pidanyň maşgalasy 28-nji iýulda habar berdiler.

Şeýle-de 27 ýaşly Iwan Şerbakow pidanyň maşgalasyna 22 ýarym müň amerikan dollaryna barabar möçberde kompensasiýa tölemäge höküm edildi.

Öz adynyň agzalmagyny islemedik aklawçynyň aýtmagyna görä, Orsýetiň harby sudy Şerbakowy Şoira Jabbarowany bilkastlaýyn öldürmekde günäli tapdy. Sud diňlenişigi Orsýetiň Duşenbedäki harby bazasynyň içinde ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirildi.

Pidanyň garyndaşy Nawruz Sultonow maşgalanyň suduň kararyndan kanagatlanandygyny aýtdy.

Şerbakow Japbarowanyň ölümi bilen baglylykda 2015-nji ýylyň noýabr aýynda tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG