Sepleriň elýeterliligi

Türkmenabatlylar kölegesiz kösenýärler


Yssydan goranyp ýatan türkmenabatlylar

Yssydan goranyp ýatan türkmenabatlylar

Türkmenabadyň köçelerinde ekilen sosna agaçlary ilki başda boý alanda, şäheri al-ýaşyllyga öwren ýaly bolup görünýär. Ýylyň hemme paslynda bu agaçlar öz reňkini saklaýar.

Köçeleriň ugrundaky sosnalaryň aşaklaryny dürli mör-möjekleriň ýetirip biläýjek zyýanyndan gorap, hek bilen aklaýarlar, guran şahalary bolsa çapýarlar. Bu agaçlaryň ösüp ulalmagy üçin dowamly işler geçirilýär. Emma ulalsalar-da, daşary ýurtlardan getirilip ekilen bu sosnalaryň tomsuň jöwzasynda hiç hili kölegesi bolmaýar. Gaýta, gury we yssy howada olaryň aglabasy guraýar hem pürini dökýär. Käbir ýagdaýda olaryň öz-özünden ot alýan halatlaryny-da synlasa bolýar.

Entek doly ulalalyp ýetişmedik guran agaçlaryň ýerine ýaňadandan täze ýaş sosna agaçlary ekilýär. Boýy bir çene ýetenleri bolsa dikligine ösüp, hiç hili kölege bermeýär.

Şol sebäpden, häzirki wagtda Türkmenabadyň köçeleriniň ugry boýunça günüň gaýnap barýan yssy howasynda kölegeli ýerleriň tas ýokdugyny aýdyp bolýar.

Şu yssy günlerde, aýratyn-da günüň öýlänki sagatlarynda köçede gezip ýören adamlaryň özünden gidýän halatlary ýa bolmasa ýaraman gaýtaryp kellesini suw bilen ýuwup oturan adamlary hem görmek mümkin. Türkmenabatda beýle ýagdaý adamlaryň köp wagtlap gün aşagynda gezmegi bilen ýüze çykýar.

Türkmenabatda yssy howa şertlerinde özünden giden bir aýal maşgala.

Türkmenabatda yssy howa şertlerinde özünden giden bir aýal maşgala.

“Aşa yssy günlerde adamlar özleriniň nähili ýagdaýa düşendigini doly anyklap bilenoklar. Adamyň hereketi artanda, endamyň gyzgyny ýokarlanýar we hökmäny ýagdaýda bir salkyn kölegeli ýere geçmeseň gün urmak ähtimallygy ýokary” diýip 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly lukman Joraguly aýdýar.

Türkmenabadyň hassahanalaryna yssy howa sebäpli arz-şikaýat bilen ýüz tutýan adamlaryň köpelýändigi barada ýa bolmasa günüň şöhlesinden başy aýlanyp ýykylanlar üçin tiz medisina kömek gullugyny çagyrýanlaryň köpelendigi hakda hem maglumatlar gowuşýar. Emma hassahanalara düşýän hassalaryň ýa bolmasa çagyrylan tiz kömek wakalarynyň anyk sany barada hiç hili maglumat tapmak başartmaýar.

Joraguly lukmanyň sözlerine görä, köplenç hem öz işi boýunça meýdanda işleýän ýa-da bir ýere baryp gaýtmak zerurlygy çykan adamlar, gezelençdäkiler gün urmak ýa bolmasa arterial gan basyşyň ýokarlanmagyna sezewar bolýarlar.

Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, habar beriş serişdeleriň üsti bilen halk köpçüligine kähalatlarda medisina barada maglumatlar berilse-de, häzire çenli günden goranmak barada o diýen maglumatyň elýeterli däldigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda yssy howadan goranmak üçin, Türkmenabadyň aglaba ýerlerinde beýik binalaryň kölegesi ýalňyz çykalga bolmagyna galýar. Köçeden barýan adamlar häzirki günlerde sähelçe kölege berýän binanyň düýbüne dykylyp ýöräp baryşlary indi bir adaty ýagdaýa öwrüldi.

Adamlaryň binanyň düýbüne dykylyp ýöräp baryşlary indi bir adaty ýagdaýa öwrüldi.

Adamlaryň binanyň düýbüne dykylyp ýöräp baryşlary indi bir adaty ýagdaýa öwrüldi.

Kölegesi bol agaçlary çapmaklyk we onuň ýerine sosna agaçlary ekmeklik öňki president S. Nyýazow döwründe başlanyp, häli-şindi hem dowam edip gelýär. Sosna agaçlaryny ekmeklik bilen Türkmenabadyň aglaba köçeleri kölegesiz galdy.

XS
SM
MD
LG