Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton, saýlansa, has kämil bileleşige ymtylar


ABŞ-nyň prezidentlige kandidaty Hillari Klinton
ABŞ-nyň prezidentlige kandidaty Hillari Klinton

Hillari Klinton agzybirlige çagyrdy we öz respublikan garşydaşyny ýaňsylady hem-de Demokratik partiýanyň prezidentlige kandidatlygyny kabul edende, umumy abadançylyk pikirini, Amerikan wadasynda aýgytlylygy we çäksiz ynamdarlygy öňe sürdi.

Klintonyň 28-nji iýulda sözlän sözi demokratlaryň dört günlük gurultaýynyň gapak daşy boldy we, köpleriň pikirine görä, Birleşen Ştatlaryň taryhyndaky iň gymmat we belki-de iň ýakymsyz saýlawyň başyny başlady.

“Şu agşam biz öz ýurdumyzyň has kämil bileleşigine tarap ýörişinde kesgitli bir pellehana geldik. Ýurduň esasy partiýasy ilkinji gezek aýal adamy prezidentlige kandidat seçdi" diýip, ol aýtdy.

"Men siziň prezidentlige kandidatlyk teklibiňizi tabynlyk, aýgytlylyk we Amerikanyň wadasyna çäksiz ynamdarylyk bilen kabul edýärin" diýip, ol «Hillari! Hillari!» diýip gygyrýan märekä ýüzlenip aýtdy.

Onuň garşydaşy, şu ýyl çakganlyk bilen Respublikan partiýanyň ýokarsyna çykmagy başaran we köpleri haýran galdyran milliarder Donal Tramp bolar.

Pikir soralyşyklar Trampyň ýurtdaky ykdsady deňsizligiň ýokarlanmasynyň döredýän nägileliklerden, «Yslam döwleti” toparynyň radikal jeňçilerinden abanýan howp-hataryň döredýän gorkusyndan hem gowy peýdalanandygyny görkezdi.

Gurultaýyň soňky gijesinde Owganystandaky goşunlara komandirlik eden ozalky general, Yrakda öldürilen musulman-amerikan esgeriniň kakasy, Klintonyň gyzy Çelsi dagy çykyp gürledi.

Hepdäniň başynda bu gurultaýda ozalky demokrat prezidentler Jimmi Karter, Bil Klinton, 2008-nji ýylda demokratlaryň prezidentlige kandidatlygy ugrundaky bäsleşikde Hallari Klintondan üstün çykan we soň ony öz adminstrasiýasyna döwlet sekretary edip getiren Barak Obama dagy çykyş etdi.

Mundan tapawutlylykda, geçen hepde respublikanlaryň gurultaýynda hiç bir ozalky respublikan prezident çykyş etmedi ýa ýygnaga gatnaşmady.
Prezident Obama 27-nji iýulda demokrat delegatlara ýüzlenip, Klintonyň prezident bolmak üçin doly taýýar bolandygyny aýtdy.

"Şu ýyl, şu saýlawda men siziň özüme goşulmagyňyzy hem-de sinizmi ret etmegiňizi, gorky-howatyry ret etmegiňizi we özümizdäki iň gowulygy çagyryp, Hillari Klintony Birleşen Ştatlaryň indiki prezidentligine saýlamagyňyzy soraýaryn" diýip, Obama öz sözüni soňlanda aýtdy.

Demokratlaryň Filadelfiýada geçirilen gurultaýy senator Berni Sandersiň, ştatlaryň esasy saýlawlarynda baş kandidatlyk ugrunda geçirilen bäsleşikde Klintondan ýeňlen dalaşgäriň tarapdarlarynyň aýgytly garşylygy bilen başlandy.

Sandersiň tarapdarlarynyň köpüsi we beýleki protestçiler, gurultaýyň geçýän ýeriniň daşynda tutuş hepdeläp demonstrasiýa geçirdiler. Emma ol protestler, gorkulyşyna garanda, kiçiräk we has zorluksyz boldy.

Filadelfiýanyň polisiýa resmileriniň maglumatyna görä, protestçileriň 103 sanysyna jerime salyndy.

Klinton öz sözlän sözünde içeri we daşary meseleler barada gürrüň edip, öz bilim-düşünjesiniň we tejribesiniň gerimini hem-de çuňlugyny görkezdi.

Ol orta gatlagyň girdejileriniň ýokarlanmazlygy, Sandersiň öňe süren okuw jaýlary, töleg nyrhy we student bergileri ýaly meseleleri gozgady. Şeýle-de ol immigrasiýa, ýarag zorlugy, saglygy saklaýyş tölegleriniň ýokrlanmagy, aýallar üçin deňeçer aýlyk haklary ýaly meselelerde durup geçip, gaýta-gaýta Trampy ýaňsylady.

“Özüňizden sorap görüň: Siz hakykatdanam Donald Trampyň baş serkerde bolmaga temperamenti bar diýip pikir edýärsiňizmi?» diýip, Klinton sorady.

Tramp we Klinton 26-njy sentýabrda, 8-nji noýabrda bolmaly saýlawdan öňki birnäçe prezidentlik çekişmeleriniň ilkinjisinde ýüzbe-ýüz bolar.

XS
SM
MD
LG